Volkswagen maňlaý çaknyşygynda ulagyň salonyny gorap saklamagyň usulyny oýlap tapdy

Düýn, 23:49625
1 / 2

Volkswagen Germaniýanyň Patentler we haryt nyşanlary edarasynda ulaglaryň öň taraplarynyň çaknyşyklarynda passiw howpsuzlygy ýokarlandyrmaga niýetlenen hereketlendirijiniň hem-de transmissiýanyň aşaky daýanç gurluşyny bellige aldyrdy.

Gürrüň, köplenç maýatnikli daýanç ýa-da «süňk» diýlip atlandyrylýan bölek barada gidýär. Adatça, ol hereketlendirijini saklap, sarsgynlaryň öňüni alýar. Güýçli urguda hereketlendiriji yza tesip, motoryň gorag diwaryna  urulýar we çaknyşmadan emele gelen energiýanyň bir bölegini salona geçirýär.

Volkswagen-iň inženerleri daýanç gurluşynyň deformasiýa häsiýetini üýtgetmegi teklip etdiler. Täze gurluş gorizontal we wertikal tekizliklerde dürli gatylygy, şeýle hem ýörite deformasiýa zolaklaryny — ştamplama yzlaryny, gatylyk gapyrgalaryny ýa-da profiliň gowşadylan ýerlerini öz içine alýar.

Maňlaý çaknyşygynda süýşýän hereketlendiriji bekidiş elementi arkaly güýji podramnige geçirýär. Netijede, podramnigiň gabara (kuzowa) dakylýan bolt birleşmeleri döwlüp, ol motor bilen bilelikde awtoulagyň düýbüne çökýär. Bu ýagdaý hereketlendirijiniň salona girmeginiň öňüni alyp, gabaranyň urgy energiýasyny özüne kabul edýän aralygyny giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Şol bir wagtyň özünde, täze gurluş ulagyň öň tarapyny uzaltmagy talap etmeýär. Adaty agram düşmelerde we ujypsyzja çaknyşymalarda berkidiji öz şeklini saklap galmaly.

Volkswagen häzirlikçe oýlap tapan usuly hem-de onuň ulaglarda köpçülikleýin ulanylyp başlanjak wagty barada hiç hili maglumat bermedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.