Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini RF-iň Döwlet Dumasyna saýlawlaryň geçirilmegi bilen gutlady

23.09.2026, 00:4410,736

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Söhbetiň başynda Russiýanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi. Wladimir Putin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem mähirli salamyny beýan etdi.

Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasyna saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady we ses berişligiň ýokary guramaçylyk derejesini aýratyn belledi.

Şeýle-de, döwlet Baştutany iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar strategik we söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn ünsi çekdi. Häzirki wagtda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde we BMG, GDA, ŞHG ýaly halkara hem sebit guramalarynyň çäklerinde işjeň alnyp barylýandygy nygtaldy.

Bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeniýet ýaly ulgamlarda hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da başlyklyk edýändigini we 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň hem-de Hazar ekologiýa sammitiniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Prezident Wladimir Putin bu ýokary derejeli çärelere gatnaşjakdygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.