Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady

23.09.2026, 14:5023,356

Aşgabatdaky «Maslahat köşgünde» Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Bu barada TDH habar berýär.

Ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu mejlisiň gün tertibine halkyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.

Ýokary wekilçilikli edaranyň mejlisine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de KHBS-iň ýolbaşçylary, welaýat, etrap we şäher häkimleri, halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, mähriban eneler we jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda belent sepgitlere ýetendigini, dünýäniň abraýly hem-de kuwwatly döwletleriniň birine öwrülendigini belledi.

Şeýle hem Milli Lider Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň ösüşini ynamly dowam etdirýändigini nygtap, Garaşsyzlyk toýunyň täze üstünliklere hem-de belent sepgitlere ýetmäge güýç-kuwwat berjekdigine ynam bildirdi.