Türkmenistanda şu ýylyň ahyryna çenli 5 müňden gowrak iş orny dörediler

23.09.2026, 23:1419,134

Türkmenistan boýunça şu ýylyň ahyryna çenli 5 müň 300-e golaý täze iş orunlary dörediler. Bu barada Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Döwlet Baştutany mejlisde eden çykyşynda «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda ilatyň iş üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Ol iş orunlarynyň täze kärhanalary gurmagyň we bar bolanlaryň durkuny täzelemegiň hasabyna dörediljekdigini belledi.

Çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň hem iş orunlaryny döretmek mümkinçiligine ünsi çekdi. Döwrebap zawodyň gurluşygyna şu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda badalga berlipdi we ol ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge niýetlenýär. Serdar Berdimuhamedow bu ýerde ýakyn geljekde 1 müňden gowrak täze iş ornunyň dörediljekdigini nygtady. 

Bellenilişi ýaly, taryhy taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi uglewodorod serişdeleriniň eksport möçberlerini artdyrmaga, olary ygtybarly ibermäge we ýurduň halkara energetika bazaryndaky ornuny berkitmäge mümkinçilik berer.

Çykyşynyň barşynda Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetiň pudaklarynda önümçiligiň yzygiderli artdyrylmagy netijesinde şu ýylyň ahyryna çenli ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 6,3 göterim derejesinde bolmagyna garaşylýandygyny hem habar berdi.