Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmenistany 2027-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» işlenip taýýarlanar. Bu babatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow tabşyryk berdi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurduň maýa goýum syýasaty ykdysadyýeti depginli ösdürmegiň möhüm şertidir. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 41 milliard 200 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdiriler. Bu serişdeler täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär.
Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow şu ýyl ýurduň býujet meýilnamasyndan köp möçberde serişdeleriň bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge we desgalaryň gurluşygyna gönükdirilendigini aýtdy. Hususan-da, maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 68,5 göterimi önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna, 31,5 göterimi bolsa medeni-durmuş maksatly desgalara goýberildi.
Döwlet Baştutany innowasion ösüşi gazanmak we hususy pudagyň paýyny giňeltmek arkaly býujet girdejileriniň artdyrylandygyny aýdyp, ýurdy ykdysady-senagat taýdan ösdürmek işleriniň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady.