Gruziýanyň Adalatçysy Türkmenistanyň kanun çykaryjy edarasynyň işi bilen tanyşdy

Düýn, 16:021,986

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisinde Gruziýanyň Adalatçysy Lewan Ioseliani bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada milli Parlamentiň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda myhman Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli milli maksatnamalar bilen tanyşdyryldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmek hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça amala aşyrylýan özgertmeler barada aýdyldy. Şeýle hem Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň milli we halkara derejedäki möhüm orny hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar Türkmenistanyň halkara giňişlikde alyp barýan parahatçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň we sebit hem-de umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny nygtady.