Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

Düýn, 22:092,467

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşüldi.

Rustam Minnihanow Halk Maslahatynyň Başlygyny Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy bilen gutlap, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny hem-de gutlaglaryny ýetirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň ýolbaşçylaryna özüniň iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagyň Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky däp bolan dostlukly hem-de netijeli hyzmatdaşlygy berkitmekde aýratyn ähmiýetlidigini nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, şu ýylyň maý aýynda Tatarystan Respublikasyna bolan saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýtdy.

Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň Russiýa Federasiýasy bilen döwletara hyzmatdaşlygyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Şunda «KAMAZ», «Tatneft», «KER-Holding» hem-de «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» ýaly iri kompaniýalaryň Türkmenistanda alyp barýan işleri, ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň eýeleýän orny hem-de Aşgabat bilen Kazan şäherleriniň arasyndaky yzygiderli howa gatnaşyklarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şeýle-de iki ýurduň bilim we medeni edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berilýändigi, Tatarystanyň wekilçilikli ylym-bilim we medeni toparlarynyň Türkmenistanda geçirilýän halkara maslahatlara we döredijilik festiwallaryna işjeň gatnaşýandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly ýurduň Baştutanynyň Aşgabada saparynyň iki halkyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge we mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Taraplar birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.