Türkmenistan BMG-de döwrüň derwaýys teklipleriniň birnäçesini öňe sürdi

Düýn, 15:055,756

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny hem-de halkara gatnaşyklarynda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmagyň Halkara kodeksini işläp düzmegi teklip etdi. Şeýle başlangyçlary 28-nji sentýabrda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew tanyşdyrdy diýip, Orient habar berýär.

Ol öz çykyşynda dawa-jenjel töwekgelçilikleriniň artmagynyň, özara ynamyň peselmeginiň, ykdysady durnuksyzlygyň, ekologik howplaryň hem-de täze tehnologiýalaryň çalt ösüşiniň döwletleriň howpsuzlygy we abadançylygy baradaky meseleler bilen berk baglanyşýandygyny belledi.

Halkara dialogy ösdürmek üçin Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak boýunça hökümetara geňeşmeleri geçirmegi, soňra Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygyny yglan etmegi teklip etdi. Şeýle hem Köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we döwletleriň özygtyýarly deňliginiň dostlar toparyny döretmek baradaky teklip öňe sürüldi.

Çykyşda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezine aýratyn üns berildi. Türkmenistan Merkeziň 2027-nji ýylda belleniljek 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda Baş Assambleýanyň rezolýusiýasynyň taslamasyny hödürlemegi maksat edinýär.

Sanly ulgamda Aşgabat sanly ynam we emeli aňy jogapkärli ulanmak meseleleri boýunça Türkmenistanda Halkara sanly dialogyny geçirmegi teklip etdi.

Ulag ulgamynda ýurt BMG-niň howandarlygynda Durnukly söwda logistikasynyň we gümrük hyzmatdaşlygynyň halkara merkezini döretmegiň, şeýle hem Günorta we Merkezi Aziýany Hazar deňzi arkaly Ýewropa bilen birleşdirjek Orta geçelgäni döretmegiň tarapdary bolup çykyş etdi.

Aşgabadyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek barada kabul edilen Kararnamany ýatlap, Türkmenistan 2027-nji ýylda öz paýtagtynda halkara hukugynyň, ýaragsyzlandyrmagyň, bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň özara baglanyşygyna bagyşlanan Halkara forumy geçirmegi hem teklip etdi.