Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

Düýn, 21:215,192

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2026-njy ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine seredildi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň dowamynda ýurtda howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler barada Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew hasabat berdi. Ol Ýaragly Güýçleri ösdürmek, ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem harby gullukçylaryň taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleriň görlendigini belledi.

Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysy raýatlary harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak boýunça geçirilýän işler, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen harby ýörişiň netijeleri barada hem hasabat berdi.

Serdar Berdimuhamedow ýurduň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmegiň wajypdygyny nygtady. Goranmak ministrine raýatlary harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak boýunça dowam edýän çäreleri yzygiderli gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Mejlisiň dowamynda Baş prokuraturanyň, Içeri işler ministrliginiň, Ýokary kazyýetiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň, Adalat ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň we Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Ylaýta-da, Migrasiýa gullugynyň başlygy öz ýolbaşçylyk edýän edarasynyň ähli işgärleriniň adyndan daşary ýurt raýatlarynyň bir toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek baradaky resminama gol çekendigi üçin Prezidente tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Hasabatlaryň netijeleri boýunça döwlet Baştutany kanunçylyk ulgamynyň berjaý edilmegini üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny goramak, jemgyýetçilik tertibini saklamak, döwlet howpsuzlygyny berkitmek, hukuk goraýjy ulgamy ösdürmek, serhet we gümrük gulluklaryny kämilleşdirmek, şeýle hem döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Prezident ýurduň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini üpjün etmek, goranmak ukybyny berkitmek hem-de Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça yzygiderli çäreleri mundan beýläk-de geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Mejlisiň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow gatnaşyjylara berk jan saglyk we jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.