Xiaomi 14 gün zarýad bermesiz işleýän sagadyny, bilezigi we klipsa gulaklygyny dünýä bazaryna çykardy

Düýn, 18:301,673
1 / 9

Xiaomi kompaniýasy dünýä bazaryna dakylýan täze enjamlaryny — «Watch S5» akylly sagadynyň 41 mm ölçegli görnüşini, «Smart Band 11» fitnes-bilezigini we klipsa görnüşli «Xiaomi Clip» gulaklygyny hödürledi.

Xiaomi Watch S5 41 mm

Täze akylly sagat poslamaýan polatdan ýasalan, galyňlygy 9,9 mm bolan korpus we 1,32 dýuýmlyk AMOLED ekran bilen üpjün edildi. 590 mA/sag sygymly akkumulýator enjamyň 14 günläp zarýadsyz işlemegine mümkinçilik berýär.

Enjam 150 sany sport tertibi, NFC tehnologiýasy, Google Wallet we Xiaomi Pay hyzmatlary bilen üpjün edilen. Sleep Algorithm 2.0 enjamyň eýesiniň uklaýan wagtyny hem-de uky tapgyrlaryny, şeýle hem ýürek urşunyň ýygylygyny has takyk yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Gara we mawy reňkli görnüşleri poslamaýan polatdan ýasalan bezeg halkasy hem-de ftorly kauçukdan taýýarlanan kemer bilen tapawutlanýar. «Keramiki ak» görnüşinde bolsa keramiki bezeg halkasy we deriden ýasalan kemer bar.

Xiaomi Smart Band 11

Fitnes-bilezik 1,72 dýuýmlyk AMOLED ekran bilen üpjün edildi. Ol bir gezekki zarýad bilen 21 güne çenli işläp bilýär. Enjam 5 ATM suw basyşyna çydamlylyk derejesine eýe. NFC goldawly görnüşi arkaly galtaşmasyz tölegleri amala aşyrmak bolýar.

Bilezik ýürek urşuny ölçeýär we ukynyň hilini yzarlaýar. Şeýle-de ol 150-den gowrak görnüşli türgenleşigi goldaýar we alty görnüşli fiziki işjeňligi awtomatik ýagdaýda tanaýar.

Bilezigiň adaty görnüşi alýumin korpusda öndürilip, Midnight Black (gara), Glacier Silver (kümüşsöw), Mystic Rose (gülgüne) we Moon Gold (altynsow) reňklerde hödürlenýär.

NFC goldawly görnüşleri bolsa dür öwüşginli ak keramiki çarçuwa we açyk melewşe reňkli tutuşlygyna metal korpus bilen tapawutlanýar.

Xiaomi Clip

Täze gulaklygyň esasy aýratynlygy onuň klipsa görnüşindäki berkidijisidir. Xiaomi kompaniýasy şeýle gurluşly gulaklygy ilkinji gezek dünýä bazaryna çykarýar. Her bir gulaklygyň agramy bary-ýogy 5,5 gram bolup, ol gulaga dakylanda tas duýulmaýar diýen ýaly. Şeýle-de enjamyň gulagyň içine doly girmeýändigi üçin ulanyjy daş-töweregindäki sesleri hem eşidip bilýär.

Gulaklyk bir gezekki zarýad bilen 9 sagada çenli, zarýad beriji gutusy bilen bilelikde bolsa 38 sagada çenli işläp bilýär. Enjam IP57 gorag derejesine, Hi-Res Audio Wireless we LHDC 5.0 tehnologiýalarynyň goldawyna eýe. Şonuň üçin ol tozandan, derden we ýagyş damjalaryndan «gorkanok».

Xiaomi Clip gulaklyklary Sand Gold (altynsow), Pearl White (ak), Graphite Black (garamtyl çal) we Frost Purple (gülgüne-melewşe) reňklerde hödürlenýär.