Telegramda açar sözi bilen goralýan «gizlin çatlar» peýda bolar

Şu gün, 12:28399

Telegram messenjeriniň macOS ulgamy üçin niýetlenen 13.2.0 beta wersiýasynda gizlin çatlar funksiýasy peýda boldy. Ol aýry-aýry hat alyşmalary we kanallary esasy sanawdan aýyrmaga mümkinçilik berýär diýip, Kod.ru neşiri habar berýär.

Häzirlikçe bu funksiýa diňe macOS ulgamynda elýeterli bolup, onuň sazlamalary dürli enjamlaryň arasynda sinhronlaşmaýar. Neşiriň çaklamagyna görä, wagtyň geçmegi bilen bu mümkinçilik ähli ulanyjylar üçin elýeterli bolar we oňa enjamlaryň arasynda sinhronlaşmak funksiýasy hem goşular.

Gizlin çatlary gizlinlik sazlamalaryndan tapmak bolýar. Munuň üçin ulanyjy azyndan sekiz nyşandan ybarat açar sözüni döretmeli. Şol söz Telegram-yň gözleg setirine girizilende, gerekli çatlary geçirmäge mümkinçilik berýän bölüm açylýar. Şondan soň olar esasy sanawdan aýrylýar. Gizlin çata geçirilen ulanyjylardan gelýän jaňlar bolsa sessiz, awtomatiki usulda öçürilýär.

Ulanyjy açar sözüni ýatdan çykaran ýagdaýynda, ony dikeltmek mümkin bolmaz. Gizlin çatlara täzeden giriş diňe hasapdan çykyp, gaýtadan girmek arkaly dikeldilýär.