Habib Nurmagomedowa MMA dolanmagy üçin 200 million dollar teklip edildi

Şu gün, 15:26641
1 / 2

UFC-niň ýeňil agram derejesindäki öňki çempiony Habib Nurmagomedow MMA-a dolanmagy üçin amerikaly boksçy we bloger Jeýk Pol tarapyndan hödürlenen 200 million dollardan ýüz öwürdi. Olaryň söhbetdeşliginiň wideosy blogeriň YouTube kanalynda ýerleşdirildi.

Pol rus söweşijisine oktagona dolanyp gelmegi iýul aýynda Nýu-Ýorkda geçiriljek Professional Fight League (PFL) ýaryşy gidip duran wagty hödürlän eken. Şol ýaryşda Habibiň doganoglany Usman Nurmagomedow ýeňil agram derejesindäki çempionlyk guşagyny gorady. Ýaryşdan bir gün öň PFL bilen Poluň «Most Valuable Promotions» atly promouşen kompaniýasy birleşýändiklerini yglan edipdiler.

Pol Habibiň MVP-niň howandarlygynda geçiriljek ýaryşlara gatnaşmagynyň «MMA dünýäsini üýtgedip biljekdigini» aýtdy. Emma rus söweşijisi sporta dolanmagyň özi üçin manysynyň ýokdugyny belledi.

«Garşydaş ýok, diňe pul bar. Bu meni höweslendirenok» diýip, 38 ýaşly Nurmagomedow jogap berdi we «hiç kime subut edere zadynyň ýokdugyny» aýdyp sözüni jemledi.

Habib Nurmagomedow 2020-nji ýylyň oktýabrynda Jastin Getjini ýeňenden soň, professional karýerasyny tamamlady. Ol 29 ýeňiş gazanyp, ýeke gezek hem ýeňilmedi. Rus söweşijisi UFC-niň çempionlyk guşagyny üç gezek gorady. 2022-nji ýylda bolsa guramanyň Şöhrat zalyna girizildi.