Lexus özüniň LS sedanyny üýtgeşik alty tekerli miniwene öwürdi
15.10.2025 11:36
7.9k+

Lexus özüniň LS sedanyny üýtgeşik alty tekerli miniwene öwürdi

Lexus soňky ýyllarda iň üýtgeşik konseptleriň birini – alty tekerli LS elektrik miniwenini görkezmäge taýýarlanýar. Kaşaň LS sedanynyň ornuna gelen model Japan Mobility Show 2025 sergisinde hödürlener we kompaniýanyň geljegiň rahatlygyna hem zynatyna garaýşyny görkezer
Toyota täze superkarynyň premýerasyny 2026-njy ýylyň ýanwaryna süýşürdi
15.10.2025 11:23
2.6k+

Toyota täze superkarynyň premýerasyny 2026-njy ýylyň ýanwaryna süýşürdi

Meşhur Lexus LFA modeliniň yzyny dowam etdirmeli täze superkaryň premýerasy şu ýyl däl-de, 2026-njy ýylda bolar. Ozal model ýakyn hepdelerde – oktýabryň ahyrynda Japan Mobility Show sergisinde hödürlener diýlip garaşylypdy
Capricorn 3 million ýewrolyk 01 Zagato giperkaryny tanyşdyrdy
15.10.2025 00:27
4.7k+

Capricorn 3 million ýewrolyk 01 Zagato giperkaryny tanyşdyrdy

Awtoulag şaýlaryny öndüriji meşhur Capricorn kompaniýasy ilkinji giperkaryny — 01 Zagato modelini görkezdi. Täze ulag Italiýanyň meşhur Zagato dizaýn atelýesi bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Model nusgawy dizaýny häzirki zaman tehnologiýasy bilen utgaşdyrýar we ol kolleksionerler hem-de awtoulag muşdaklary üçin niýetlenendir
Toyota Japan Mobility Show-da görkezmek üçin täze Corolla we Century kross-kupesini taýýarlaýar
14.10.2025 12:51
5.3k+

Toyota Japan Mobility Show-da görkezmek üçin täze Corolla we Century kross-kupesini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Tokiodaky Japan Mobility Show sergisinde görkezjek geljekki modelleriniň ilkinji suratlaryny hödürledi. Sergi 30-njy oktýabrda açylar. Çärede görkeziljek täze ulaglaryň arasynda Century premium subbrendi bilen hödürlenen synag kross-kupesi, şeýle-de indiki nesil Toyota Corolla ulagy bar
Elektrokarlary heläkçilige uçrandon soň, Xiaomi-niň paýnamalary 9%-e golaý pese gaçdy
14.10.2025 12:43
3.1k+

Elektrokarlary heläkçilige uçrandon soň, Xiaomi-niň paýnamalary 9%-e golaý pese gaçdy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasynyň paýnamalary SU7 elektromobili bilen bolup geçen ýol-ulag hadysasy baradaky habardan soň Gonkong biržasynda 8,7% arzanlady. Bu aprelden bäri paýnamalaryň iň uly pese gaçyşy boldy diýip, Bloomberg habar berýär
Dünýäde iň köp satylan ulag Corolla bolmasa-da, ýene-de Toyota boldy
13.10.2025 10:21
17k+

Dünýäde iň köp satylan ulag Corolla bolmasa-da, ýene-de Toyota boldy

Focus2move analitik portaly tarapyndan 162 ýurtdan ýygnalan maglumatlara görä, 2025-nji ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda dünýäde iň köp satylan awtoulag Toyota RAV4 boldy. Krossoweriň satuwy 1,1% ýokarlandy, bu hem täze nesliň yglan edilmegine garamazdan, modeliň iki orun ýokary galmagyna mümkinçilik berdi
Hyundai ýangyn howpy sebäpli 135 müň sany Santa Fe ulagyny yzyna gaýtarýar
13.10.2025 09:35
3.8k+

Hyundai ýangyn howpy sebäpli 135 müň sany Santa Fe ulagyny yzyna gaýtarýar

Hyundai kompaniýasy heläkçilik ýüze çykanda ýangyn döremek howpunyň bolmagy sebäpli 135 386 sany Santa Fe krossowerini — şol sanda täze modelleri hem — yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş Milli gullugynyň (NHTSA) habaryna görä, käbir ulaglarda starter nädogry gurnalan bolmagy mümkin
Mansory karbon bezegli we iki gapdala açylýan gapyly sekiz sany “Gelendwagen” çykarar
13.10.2025 09:02
6.7k+

Mansory karbon bezegli we iki gapdala açylýan gapyly sekiz sany “Gelendwagen” çykarar

Mansory atelýesi Mercedes-Benz G-Class esasynda täze taslamany — Grande Entree ady bilen tanadylan aýratyn seriýany hödürledi. Bu seriýa diňe sekiz sany G63 modeli girer. Olar köp sanly karbon bezegleri, Rolls-Royce stilindäki yzky gapylary we täzeden işlenilen interýeri bilen tapawutlanýar
Ferrari ilkinji elektrokary barada maglumat berdi: 1000 a.g., 2,5 sekuntda 100 km/sag we gitaradaky ýaly ses
12.10.2025 23:58
4.6k+

Ferrari ilkinji elektrokary barada maglumat berdi: 1000 a.g., 2,5 sekuntda 100 km/sag we gitaradaky ýaly ses

Ferrari özüniň Elettrica kod atly ilkinji elektromobili barada maglumatlar bilen paýlaşdy. Onuň premýerasy 2026-njy ýylyň tomsuna meýilleşdirilýär. Täze ulag umumy kuwwaty tas 1000 at güýjüne deň bolan dört elektrik hereketlendirijisine we 530 kilometrden gowrak ýol ätiýajy bilen 122 kWt/sag sygymly akkumulýatora eýe bolar
Nissan täze ykjam Tekton krossowerini tanyşdyrdy
12.10.2025 23:17
3.9k+

Nissan täze ykjam Tekton krossowerini tanyşdyrdy

Nissan kompaniýasy täze ykjam Tekton krossoweriniň ilkinji suratlaryny köpçülige görkezdi. Bu model hindi bazary üçin ýörite döredilip, 2026-njy ýylda satuwa çykarylar, soň bolsa beýleki ýurtlaryň bazarlarynda hem peýda bolar
Porsche “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi
12.10.2025 22:59
1.7k+

Porsche “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Porsche kompaniýasy we onuň hyzmatdaşynyň biri bolan Penske Motorsport ýakyn ýyllar üçin öz ýaryş meýilnamasyna täzeden garajakdygyny mälim etdiler. Şu möwsümiň ahyrynda brend Çydamlylyk ugrundaky dünýä çempionatyndan (WEC) çykjakdygyny we 2026-njy ýylda meşhur “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşmajakdygyny resmi taýdan yglan etdi
Aston Martin DB12 S — DB12 hatarynyň iň kuwwatly wersiýasy tanyşdyryldy
12.10.2025 22:56
1.4k+

Aston Martin DB12 S — DB12 hatarynyň iň kuwwatly wersiýasy tanyşdyryldy

Aston Martin täze DB12 S flagman modelini hödürlemek bilen DB12 grand-turerleriniň hataryny giňeltdi. Täze model kupe we kabriolet görnüşlerinde elýeterlidir. Ulag täzeden sazlanan podweskany we güýçlendirilen 4,0 litrlik V8 hereketlendirijisini aldy
Toyota Fortuner wnedorožniginiň täze “Leader Edition 2025” görnüşini hödürledi
12.10.2025 22:46
5.3k+

Toyota Fortuner wnedorožniginiň täze “Leader Edition 2025” görnüşini hödürledi

Toyota kompaniýasy ramaly Fortuner wnedorožniginiň täze ýörite görnüşi — Leader Edition 2025-i tanyşdyrdy. Täze modifikasiýa täzelenen dizaýny we kämilleşdirilen tehniki aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Ulag üçin sargytlar oktýabr aýynyň ikinji ýarymynda kabul edilip başlanar
Toyota syrly superkaryň tizerini görkezdi
11.10.2025 17:47
6k+

Toyota syrly superkaryň tizerini görkezdi

Toyota özi üçin adaty däl usulda täze flagman superkarynyň ilkinji tizerini görkezdi. Kompaniýa dürli ýyllarda markanyň köp sanly belli modelleriniň synaglarynyň geçen ýeri bolan Ýaponiýadaky Fuji Speedway ýaryş ýolunda ulagyň suraty bilen uly banner ýerleşdirdi
Mercedes-Benz bäş ýyldan soň premium nauşnikleriniň täze neslini taýýarlap başlady
10.10.2025 13:43
2.5k+

Mercedes-Benz bäş ýyldan soň premium nauşnikleriniň täze neslini taýýarlap başlady

Mercedes-Benz ilkinji modeli çykan­dan bäş ýyl soň, täze Wireless Headphone 2 atly simsiz nauşniklerini çykarmaga taýynlanýar. Gizmochina portalynyň habar bermegine görä, MB WHP 2 model belgili enjam ýakynda BAE-de TDRA sertifikatyny aldy
Vittori 2,5 million dollarlyk ilkinji Turbio giperkaryny görkezdi
10.10.2025 13:07
4.7k+

Vittori 2,5 million dollarlyk ilkinji Turbio giperkaryny görkezdi

Vittori atly italýan-amerikan kompaniýasy meşhur Pininfarina dizaýn öýi tarapyndan döredilen ilkinji Turbio atly giperkaryny tanyşdyrdy. Bu awtoulag diňe 50 sany çäkli nusgada öndüriler. Bahasy resmi taýdan yglan edilmedik bolsa-da, hünärmenler onuň takmynan 2,5 million dollar boljakdygyny çaklaýarlar
2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy
09.10.2025 18:18
9.9k+

2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy

WhatCar awtožurnalynyň hünärmenleri awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 2025-nji ýylyň reýtingini düzdi. Pikir soraşma 32 000 ulag eýesi gatnaşdy. Olar iki ýyl bäri ulanylyp gelinýän ulaglarynda ýüze çykan döwükler we näsazlyklar barada gürrüň berdi
Kia ABŞ-da Soul krossoweriniň önümçiligini bes edýär. Onuň mirasdüşeri bolmaz
09.10.2025 18:10
2.3k+

Kia ABŞ-da Soul krossoweriniň önümçiligini bes edýär. Onuň mirasdüşeri bolmaz

Kia eýýäm oktýabr aýynda ABŞ-da Soul krossoweriniň önümçiliginiň bes ediljekdigini mälim etdi. Dilerlerde galan ätiýaçlyklar gutaran dessine, modeli satmak bes ediler. Munuň dünýä bazaryna täsir edip-etmejegi heniz belli däl, ýöne Motor1 Soul brendiň täzelenen model syýasatynyň pidasy boldy diýip hasaplaýar
Jeýms Bond baradaky filmde görkezilen meşhur Lotus Esprit ulagynyň restomody döredildi
09.10.2025 17:22
3.1k+

Jeýms Bond baradaky filmde görkezilen meşhur Lotus Esprit ulagynyň restomody döredildi

Britaniýanyň Encor atly startap kompaniýasy (Lotus-yň we Aston Martin-iň öňki inženerleri işleýär) nusgawy Lotus Esprit kupesiniň restomod görnüşini hödürledi. Taslama modeliň 50 ýyllygyna bagyşlandy. Awtoulag Jorjetto Jujaro tarapyndan döredilen birinji nesil S1 äheňinde ýerine ýetirildi
Tesla “iň elýeterli” elektrokarlaryny – Model Y Standard we Model 3 Standard ulaglaryny görkezdi
09.10.2025 15:01
2.9k+

Tesla “iň elýeterli” elektrokarlaryny – Model Y Standard we Model 3 Standard ulaglaryny görkezdi

7-nji oktýabrda Tesla “iň elýeterli” hasaplanýan Model Y Standard we Model 3 Standard elektrokarlaryny hödürledi. “Ýokary derejede pes baha, howpsuzlyk we Tesla-nyň size ýaraýan iň gowy funksiýalary” – diýlip, kompaniýanyň X sosial ulgamyndaky habarynda aýdylýar
Lamborghini futuristik Manifesto ulagynyň suratlaryny görkezdi
09.10.2025 14:30
3.4k+

Lamborghini futuristik Manifesto ulagynyň suratlaryny görkezdi

Lamborghini kompaniýasy Centro Stile dizaýn merkeziniň 20 ýyllyk ýubileýi mynasybetli döredilen nusga-awtoulagy bolan Manifesto-ny hödürledi. Bu ulag önümçilik modeli bolman, eýsem, markanyň geljege bolan garaýşyny görkezýän "dizaýn manifesti" diýlip bellenilýär
BMW Mercedes-Benz-den "ozdy": üçünji çärýegiň satuw netijeleri
09.10.2025 00:56
6.2k+

BMW Mercedes-Benz-den "ozdy": üçünji çärýegiň satuw netijeleri

BMW we Mercedes-Benz 2025-nji ýylyň üçünji çärýegi boýunça dünýä satuw görkezijilerini mälim etdiler. Nemes brendleri biri-birine düýpgöter gapma-garşy ýagdaýlary başdan geçirýärler: bawariýaly öndürijileriň (BMW) satuwlary artsa, olaryň ebedi bäsdeşi ştutgartly öndürijilerde (Mercedes-Benz) ýagdaý öwerlik däl
Lucid Air Sapphire “ýüze” 1,881 sekuntda ýetip, rekord goýdy
08.10.2025 07:19
3.2k+

Lucid Air Sapphire “ýüze” 1,881 sekuntda ýetip, rekord goýdy

Lucid Air Sapphire elektrik sedany Motor Trend amerikan žurnaly tarapyndan 100 km/sag çenli tizligini artdyrmak boýunça iň tiz önümçilik awtomobili diýlip ykrar edildi. Synaglarda ol duran ýerinden sagatda 60 mile (96 km/sag) çenli tizligini 1,881 sekuntda artdyrdy
Chevrolet bürünç detallary bolan Colorado pikabyny görkezdi
07.10.2025 16:17
2.6k+

Chevrolet bürünç detallary bolan Colorado pikabyny görkezdi

Chevrolet 2026-njy model ýyly üçin Colorado kysymly pikap ulagyny täzeledi, birnäçe wizual üýtgeşmeleri we ownuk inženerçilik gowulandyrmalaryny goşdy. Esasy täze aýratynlyk diňe Trail Boss bezeginde bar bolan Bronze Accent bukjasydyr
Rolls-Royce ýörite sargyt boýunça ite bagyşlap Specter ulagynyň aýratyn wersiýasyny çykardy
07.10.2025 16:04
8k+

Rolls-Royce ýörite sargyt boýunça ite bagyşlap Specter ulagynyň aýratyn wersiýasyny çykardy

Rolls-Royce bir amerikan maşgala jübütiniň ýörite sargydy boýunça taýýarlanan Specter elektrik kupesini görkezdi. Eýeleri Beýli lakamly labrador bilen altynsow retriweriň neslinden bolan itine awtoulag bagyşlamagy karar edipdirler
Tesla üçünji çärýekde rekord satuw etdi, ýöne şonda-da maýadarlaryny begendirip bilmedi
07.10.2025 12:51
2.6k+

Tesla üçünji çärýekde rekord satuw etdi, ýöne şonda-da maýadarlaryny begendirip bilmedi

Tesla satuwlaryň möçberi boýunça 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde rekord goýdy. Kompaniýa müşderilerine 497 100 sany elektrik ulagyny iberdi - bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7% we öňki çärýek bilen deňeşdirilende 29% köp
Volvo bir millionynjy zarýad berilýän gibridini öndürdi
07.10.2025 12:48
2.7k+

Volvo bir millionynjy zarýad berilýän gibridini öndürdi

Volvo Cars möhüm üstünlik barada habar berdi: sentýabr aýynda bir millionynjy zarýad berilýän gibrid konweýerden çykdy. Kompaniýa bu sepgidi dolulygyna elektrikli modeller hataryna geçmek strategiýasynda möhüm ädim diýip atlandyrýar
Hytaýda ýokary galýan üçegi we kiçijik aşhanasy bolan Ford Bronco üçin sargytlar açyldy
06.10.2025 17:50
6.6k+

Hytaýda ýokary galýan üçegi we kiçijik aşhanasy bolan Ford Bronco üçin sargytlar açyldy

Ford kompaniýasy Hytaýda Basecamp atly Bronco krossoweriniň täze wersiýasy üçin sargytlary kabul edip başlady. Model ýerli bazar üçin ýörite döredildi we syýahaty söýüjiler üçin niýetlenýär diýip, Carscoops ýazýar
Toyota Le Man-da Ferrari-i bilen bäsleşmek üçin ýaryş awtoulagyny täzeleýär
06.10.2025 11:02
5.7k+

Toyota Le Man-da Ferrari-i bilen bäsleşmek üçin ýaryş awtoulagyny täzeleýär

Toyota kompaniýasy 2026-njy ýylda ýaryş ýollaryna çykjak döwrebaplaşdyrylan GR010 ýaryş awtoulagynyň ilkinji suratlaryny görkezdi. Ýapon kompaniýasynyň esasy maksady – Ferrari-niň topary ýaryş ýoluna gaýdyp geleninden soň, “Le Man-yň 24 sagady” ýaryşynda, ýitirilen zatlaryň öwezini dolmak bilen, öňdebaryjy ornuny gaýtadan dikeltmek
Audi krossoweri geljekde eýesini ýüzünden tanar
05.10.2025 17:03
9.3k+

Audi krossoweri geljekde eýesini ýüzünden tanar

Audi kompaniýasy Hytaýyň SAIC konserni bilen bilelikde AUDI subbrendiniň hataryny täze nyşan bilen giňeldýär, indi adaty dört halkasyz bolar. E5 Sportback elektrik ulagyndan soň, oňa Hytaýda eýýäm synagdan geçýän krossower goşular
Toyota 400 müň töweregi Tundra, Tacoma we Sequoia ulaglaryny yzyna gaýtarýar
05.10.2025 17:00
6.2k+

Toyota 400 müň töweregi Tundra, Tacoma we Sequoia ulaglaryny yzyna gaýtarýar

Toyota ABŞ-da 400 müň töweregi ulagyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Yza çagyryş kampaniýasy Tundra pikaplaryna we olaryň gibrid görnüşlerine, 2023–2025-nji model ýyllarynda çykarylan Sequoia ulaglaryna, şeýle hem takmynan 6 müň sany Tacoma 2025 pikaplaryna degişli
Türkiýede Çanakkale şäherindäki Troýanyň ýerleşýän ýerinden 4500 ýaşly altyn gülýaka tapyldy
04.10.2025 15:54
9.6k+

Türkiýede Çanakkale şäherindäki Troýanyň ýerleşýän ýerinden 4500 ýaşly altyn gülýaka tapyldy

Türkiýäniň demirgazyk-günbataryndaky Çanakkale welaýatynda meşhur Troýanyň ýerleşýän ýerinden, takmynan, 4500 ýaşly özboluşly altyn gülýaka tapyldy diýip, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň sözlerine salgylanýan Arkeonews habar berýär
Hyundai 2026-njy ýylyň gibrid gurluşly Tucson krossowerini hödürledi
04.10.2025 15:33
3.7k+

Hyundai 2026-njy ýylyň gibrid gurluşly Tucson krossowerini hödürledi

Hyundai kompaniýasy 2026-njy ýylyň täze Tucson Hybrid modelini tanyşdyrdy. Uzynlygy 4,5 metr bolan krossower täze enjam görnüşleri, kämilleşdirilen kömekçi ulgamlary we güýçlendirilen gibrid motory bilen çykdy
Hatda milliarderler üçin kaşaň: Rolls-Royce 25 sany üýtgeşik Phantom-y çykarar
04.10.2025 15:03
4.5k+

Hatda milliarderler üçin kaşaň: Rolls-Royce 25 sany üýtgeşik Phantom-y çykarar

2025-nji ýylda Rolls-Royce öz Phantom flagman modeliniň 100 ýyllygyny baýram edýär. Şu mynasybetli kompaniýa eýýäm markanyň taryhynda iň kaşaň diýlip atlandyrylýan üýtgeşik interýer bilen bary-ýogy 25 awtomobil çykarar
Ford Expedition 2025 piknik we kemping üçin töwerekleýin yşyklandyryşa eýe boldy
03.10.2025 17:08
6.1k+

Ford Expedition 2025 piknik we kemping üçin töwerekleýin yşyklandyryşa eýe boldy

Ford Zone Lighting töwerekleýin yşyklandyryş ulgamy bilen 2025-nji ýylyň täzelenen Expedition ulagyny hödürledi. Yşyk ulgamy indi dört zolagy – awtomobiliň öňüni, yzyny we gapdallaryny öz içine alyp, ulagyň perimetri boýunça deňölçegli yşyklandyryşy üpjün edýär diýip, Car and Driver habar berýär
Audi 5850 dollardan 140 km ýöreýiş ätiýaçlygy bolan elektrowelosiped çykardy
02.10.2025 18:26
3.2k+

Audi 5850 dollardan 140 km ýöreýiş ätiýaçlygy bolan elektrowelosiped çykardy

Audi kompaniýasy Italiýanyň Fantic kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen ikinji nesli eMTB elektrik dag welosipedini görkezdi. Täze modeliň bahasy 5 850 dollardan başlaýar. Audi eMTB 2.0-niň tizligi sagatda 32 km-e ýetýär we bir zarýadda 140 km aralygy geçýär
RTR Vehicles ussahanasy «Ford Mustangy» 882 at güýjüne çenli güýçlendirdi
01.10.2025 14:36
3k+

RTR Vehicles ussahanasy «Ford Mustangy» 882 at güýjüne çenli güýçlendirdi

RTR Vehicles awtobezeg ussahanasy Ford Mustang-yň binýadynda taýýarlan Spec 5 täze taslamasyny hödürledi. 5 litrlik kompressorly V8 indi 882 at güýjüni ösdürýär. Bu bolsa ony zawodyň iň güýçli modeli bolan 826 at güýjündäki Mustang GTD-den güýçli edýär, üstesine-de bahasy has arzan
Gymmatbaha elektrokarlar islegden gaçýar: Porsche, Audi we Mercedes-de ýagdaý nähili?
01.10.2025 14:28
4.1k+

Gymmatbaha elektrokarlar islegden gaçýar: Porsche, Audi we Mercedes-de ýagdaý nähili?

Porsche, Audi we Mercedes ýaly gymmatbahaly awtoulag öndürijileri lýuks elektrokarlaryň satuwynyň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bloomberg neşiriniň habar bermegine görä, satuwlaryň peselmegi sebäpli kompaniýalar täze modelleriň çykarylyş meýilnamalaryny we önümçiligi giňeltmek taslamalaryny täzeden seretmeli bolýarlar
BMW alty silindrli hereketlendirijilerini täzeledi. Olar has kuwwatly we tygşytly boldy
30.09.2025 23:00
4.8k+

BMW alty silindrli hereketlendirijilerini täzeledi. Olar has kuwwatly we tygşytly boldy

BMW konserni öz modellerini kem-käsleýin täzeledi. Esasy üýtgeşme goşa turbinaly üç litrlik benzin hereketlendirijileri bilen baglanyşykly boldy – olaryň kuwwaty has artdy, ýangyjyň sarp edilişi bolsa azaldy. Häzirlikçe täze hereketlendirijiler ikinji, üçünji we dördünji seriýanyň awtomobilleri üçin göz öňünde tutuldy
Lexus öz LS flagman sedanynyň çäkli, ähtimal, soňky seriýasyny hödürledi
30.09.2025 22:56
7.7k+

Lexus öz LS flagman sedanynyň çäkli, ähtimal, soňky seriýasyny hödürledi

Lexus özüniň LS flagman sedany üçin çäkli Heritage Edition seriýasyny yglan etdi. Ol amerikan bazary üçin niýetlenen bolup, 1989-njy ýylda çykan modeliň birinji nesline bagyşlanýar. Jemi 250 ulag çykarylar we olar diňe ABŞ-da satylar, demirgazyk amerikan bazarynda LS-niň galan wersiýalary praýs-sanawdan aýryldy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.