Lucid Air Sapphire “ýüze” 1,881 sekuntda ýetip, rekord goýdy

08.10.2025, 07:193,273
1 / 4

Lucid Air Sapphire elektrik sedany Motor Trend amerikan žurnaly tarapyndan 100 km/sag çenli tizligini artdyrmak boýunça iň tiz önümçilik awtomobili diýlip ykrar edildi. Synaglarda ol duran ýerinden sagatda 60 mile (96 km/sag) çenli tizligini 1,881 sekuntda artdyrdy.

Hünärmenler kuwwaty 1250 at güýjüne barabar bolan üç hereketlendirijili wersiýany synagdan geçirdi. Onuň bahasy tas 260 müň dollara ýetýär. Rekord täze Pirelli P Zero Trofeo RS Elect LM1 tekerleri bilen goýuldy. Adaty Michelin Pilot Sport 4S LM1 tekerleri bilen tizligi “ýüze” çenli artdyrmak 2,2 sekunt wagt aldy.
Lucid öňki rekord eýesinden – Porsche Taycan Turbo GT Weissach ulagyndan bary-ýogy 0,006 sekunt tapawut bilen öňe geçdi. Deňeşdirmek üçin, Tesla Model S Plaid bu tizlige ýetmek üçin 2,07 sekunt sarp edýär.
Milýanyň dörtden birinde-de Lucid Air Sapphire hemmeden tiz boldy: Pirelli tekerleri bilen 9,03 sekunt we Michelin bilen 9,21 sekunt. Täze tekerler bilen elektromobiliň tormoz ýoly 90 km/sag tizlikde 27 metre ýetýär – bu Taycan Turbo GT bilen deň we adaty tekerleriň görkezijisinden 3 metr azdyr.
Şu tomus Lucid Air bir zarýadda has uzak ýol geçýän elektromobil hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ýol 1205 km bolup, dag ýollaryny we awtoulag ýollaryny öz içine aldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.