Volkswagen damja şekilli Mission Efficiency ulagyny döretdi

Şu gün, 15:021,182
1 / 13

Volkswagen kompaniýasy Mission Efficiency atly eksperimental elektrik awtoulagyny köpçülige görkezdi. Ol energiýany örän tygşytly sarp edýär. Kompaniýanyň wekilleri bu modeli dünýäde köpçülikleýin önümçilige ýakynlaşan iň netijeli elektrik awtoulaglarynyň biri diýip atlandyrdy.

Awtoulag eýýäm üç rekord goýdy:

  • Kämil aerodinamikasy boýunça: Ulagyň gabarasy (kuzowy) damja şekilinde ýerine ýetirilen, aşaky bölegi paneller bilen doly ýapylan, yzky tigirleri bolsa arkalaryň içinde ýygşyrylypdyr. Howanyň garşylyk koeffisienti bary-ýogy 0,158 bu adaty ýollarda hereket edýän awtoulaglar üçin rekord görkezijidir.
  • Elektrik energiýasyny örän az sarp edýär: Iň kämil synag şertlerinde (ähli zady öçürip, sagatda 68 km tizlikde birsydyrgyn sürlende) awtoulag 100 kilometre bary-ýogy 6,48 kWt/sag elektrik energiýasyny sarp etdi.
  • Ýewropanyň ýarysyny bir gezeklik zarýad bilen geçdi: Volkswagen-iň inženerleri Polşanyň we Çehiýanyň üsti bilen Wolfsburgdan Wena çenli 1 278 kilometrlik hakyky ýol synagyny geçirdi. Ortaça tizlik sagatda 68 kilometre golaý boldy, käbir pursatlarda bolsa bu görkeziji 138 kilometre ýetdi. Bu aralykda batareýa diňe bir gezek zarýad berildi. Bellenen ýere barlanda hem awtoulagda ýene 164 kilometrlik ýoly geçmäge ýeterlik ätiýaçlygy galdy.

Volkswagen kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tomas Şefer rekordlaryň esasynda eksperimental däl-de, önümçilikde ulanylýan tehnologiýalaryň durýandygyny aýratyn belledi. Olaryň hataryna MEB+ platformasy, kuwwaty 135 at güýji bolan hereketlendiriji we ID. Polo ýaly adaty modellerden alnan 54,9 kWt/sag kuwwatly batareýa girýär.

Modeliň uzynlygy 4 775 millimetr, beýikligi bolsa bary-ýogy 1 392 millimetre ýetýär, şonuň üçin  yzky iki oturgyçda diňe boýy 160 santimetre ýetmeýän ýolagçylar oturyp bilýär. 

Salondaky dört oturgyç bar, olar 2+2 görnüşinde ýerleşdirilipdir. Ýük goýulýan bölümiň göwrümi 481 litre ýetýär.

Salonda multimedia ulgamynyň ýerini ulagyň eýesiniň smartfony, audioulgamyň ornuny bolsa göçme Bluetooth kolonkalary tutýar.

Bu taslama batareýaly elektrik awtoulagyna öwrülen köne XL1 gibridiniň mirasdüşeridir.