Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
29.06.2025 19:46
32k+
Bezos Wenesiýada «asyryň toýuny» tutdy: dabaralar üçin €50 mln, 200 ýyldyz we şäher üçin $1,12 mlrd
Italiýanyň Wenesiýa şäherinde amerikaly milliarder Jeff Bezos bilen teleýaýlym alyp baryjysy Loren Sançesiň toýy tutuldy. «Reuters» agentliginiň maglumatlaryna görä, «Amazon» kompaniýasynyň 61 ýaşly esaslandyryjysy bu dabara üçin, takmynan, 50 million ýewro harçlapdyr
29.06.2025 15:45
4.8k+
Xiaomi täze eplenýän Mix Flip 2 smartfonyny tanyşdyrdy
Xiaomi ikinji nesil eplenýän smartfony Mix Flip 2-ni resmi taýdan tanyşdyrdy. Enjam täzelenen dizaýn, Dragon Bone atly şarnir we 5165 mA·sag sygymly batareýa bilen üpjün edilen. Kompaniýanyň bellemegine görä, bu şeýle batareýa ornaşdyrylan ilkinji eplenýän smartfondyr
29.06.2025 15:16
5.3k+
Häzire çenli iň güýçli Redmi smartfon – K80 Ultra hödürlendi: bahasy $360-dan başlaýar
Xiaomi täze flagman smartfony bolan Redmi K80 Ultra-ny hödürledi. Bu enjam ýokary öndürijiligi, öňdebaryjy displeýi we kämilleşdirilen audioulgamy bilen tapawutlanýar. Smartfon 6,83 dýuýmlyk AMOLED ekran bilen üpjün edilen, durulygy 2772×1280 piksel, täzeleniş ýygylygy bolsa 144 Gs
29.06.2025 13:35
2.9k+
«Stiw Jobs» filminiň ssenaristi Mark Sukerberg baradaky filmiň dowamyny düşürer
«Ähli zady üýtgeden adam» («Человек, который изменил все») we «Stiw Jobs» «(Стив Джобс») filmleriniň ssenaristi Aaron Sorkin «Sosial ulgam» («Социальная сеть») filminiň dowamyny döretmek bilen meşgullanýar. Deadline neşiriniň maglumatyna görä, ol täze filmiň diňe bir ssenarisiniň ýazary bolman, eýsem režissýory hem bolar
29.06.2025 13:20
1.7k+
Režissýor Dag Laýman Stiwen Kingiň meşhur «Garşy durmak» romanyny ekranlaşdyrar
Amerikaly režissýor Dag Laýman meşhur ýazyjy Stiwen Kingiň “Garşy durmak” (The Stand) atly apokaliptik romany esasynda doly metražly film döretmäge girişdi. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Täze ekranizasiýa Paramount Pictures we Cross Creek Pictures studiýalarynyň gatnaşmagynda taýýarlanýar
28.06.2025 17:30
25k+
Garabogazköl howdanynda Türkmenistanda ilkinji gezek garagulagyň çagasy surata düşürildi
Türkmenistanyň çäginde ilkinji gezek garagulagyň çagasy surata düşürildi. Ýabany tebigatda möhüm açyş hökmünde hasaba alnan bu taryhy pursat Garabogazköl howdanynda oturdylansurata alyjy duzaklara düşdi. Surata
28.06.2025 17:08
3k+
Türkmenistan UK Export Finance kompaniýasy bilen infrastruktura we eksport taslamalaryny maslahatlaşdy
27-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa UK Export Finance (UKEF) kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, wekiliýete kompaniýanyň Türkiýe, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin ýolbaşçysy Şebnem Alp ýolbaşçylyk etdi
28.06.2025 14:43
7.5k+
Medeniýet hepdeligi — 2025 baýramçylyk konserti bilen jemlendi
27-nji iýunda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden baýram edildi. Bu baýrama gabatlanyp geçirilen Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy
28.06.2025 13:44
5k+
Niderlandlar Nigeriýa XV-XIX asyrlara degişli 119 sany gymmatly artefakty yzyna gaýtaryp berdi
Nigeriýa Niderlandlardan XV-XIX asyrlarda Benin Patyşalygy döwründe döredilen, medeni mirasa degişli 119 sany esbap aldy. Bu XIX asyryň ahyryndan bäri Nigeriýa yzyna geçirilen iň köp möçberdäki medeni emläk boldy diýip, Arise News neşiri habar berdi
28.06.2025 12:49
3.8k+
Repçi Stormzi talyplary goldandygy üçin Kembrijiň hormatly doktorlyk derejesini aldy
Kembrij uniwersiteti britaniýaly repçi Stormzä (Stormzy) hukuk boýunça hormatly doktorlyk derejesini berdi. Uniwersitet onuň ýokary okuw mekdebine girmekçi bolýan talyplara goldaw bermekde goşan goşandyny ykrar etdi diýip, The Guardian habar berýär
28.06.2025 11:09
6.7k+
Guşlaryň 500-den gowrak görnüşine ýakyn 100 ýylda ýok bolmak howpy abanýar
Geljek ýüz ýylda dünýäde guşlaryň 500-den gowrak görnüşi ýitip biler. Beýik Britaniýanyň Reding uniwersitetiniň alymlary şeýle netijä geldiler diýip, Nature Ecology and Evolution žurnalynda çap edilen makala salgylanýan The Guardian habar berýär
28.06.2025 11:03
5.3k+
And daglarynda ýitirilen Tiuanako siwilizasiýasynyň ybadathanasy tapyldy
Arheologlar adybir meşhur arheologik toplumdan, takmynan, 215 km günorta-gündogarda Boliwiýanyň günortasyndaky gadymy Tiuanako siwilizasiýasynyň ybadathanasyny tapdylar. Bu açyş hakynda Antiquity žurnalynda habar berildi
28.06.2025 00:01
5.3k+
2026-njy Türkmenistanda Medeniýet hepdeliginiň geçiriljek ýeri kesgitlenildi
27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi
27.06.2025 20:05
2.5k+
Emeli aň WhatsApp-da okalmadyk hatlaryň gysgaça mazmunyny jemläp aýdyp berer
WhatsApp messenjeri täze «Message Summaries» atly funksiýasynyň işe girizilendigini mälim etdi. Bu funksiýa arkaly ulanyjylar okalmadyk hatlaryň emeli aň tarapyndan taýýarlanan gysgaça mazmunyny görüp bilerler
27.06.2025 18:01
6.4k+
Ýabany tebigatyň BigPicture-2025 foto bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Kaliforniýanyň Ylymlar akademiýasy her ýyl geçirilýän BigPicture-2025 foto bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Ol ýabany tebigatyň gözelligine we ony goramagyň meselelerine bagyşlanýar. Absolýut ýeňiji: özüne
27.06.2025 17:11
2.6k+
Kazyýet Meta kompaniýasyna emeli aňy türgenleşdirmek üçin awtorlyk tekstleri ulanmaga rugsat berdi
Kaliforniýanyň (ABŞ) Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti 25-nji iýunda awtorlyk hukugy bilen goralýan tekstleri emeli aňy türgenleşdirmek üçin peýdalanmak bilen baglanyşykly kazyýet işinde Meta Platforms kompaniýasynyň peýdasyna çözgüt kabul etdi
27.06.2025 11:05
3k+
Microsoft «ölüm ekranynyň» dizaýnyny resmi taýdan gara reňke üýtgetdi: ol 40 ýyllar mawy reňkdedi
Microsoft Windows operasiýa ulgamynda peýda bolýan meşhur "ölüm ekranynyň" (BSoD – Blue Screen of Death) reňkini üýtgeder. Bu barada The Verge neşiri habar berýär. Gök ekran indi gara reňkde çykar. Bu üýtgeşikme baradaky ilkinji maglumatlar mart aýynda peýda bolupdy, şol wagt ekranyň ýaşyl reňkde boljagy aýdylýardy
26.06.2025 18:51
6k+
Xiaomi 339 dollardan Snapdragon 8s Gen 4 çipli Poco F7 smartfonyny çykardy
Xiaomi täze smartfony — Poco F7-ni hödürledi. Täze enjam mart aýynda çykarylan F7 Ultra we F7 Pro modelleriniň üstüni ýetirdi. Smartfon 4 nm tehnologiýasynda öndürilen sekiz ýadroly Snapdragon 8s Gen 4 prosessorynda işleýär we AnTuTu testinde 2 milliondan gowrak bal toplapdyr
26.06.2025 18:09
4.7k+
Marvel täze «Fantastiki dörtlügiň» jemleýji treýlerini görkezdi
Marvel “Fantastik dörtlük: Ilkinji ädimler” (“Fantastic Four: First Steps”) filminiň soňky treýlerini köpçülige hödürledi. Film dünýä boýunça prokata 25-nji iýulda çykyp, Marvel-iň kinematografik äleminiň altynjy tapgyrynyň başlangyjy bolar
26.06.2025 17:29
2.6k+
Samsung Unpacked tanyşdyrylyşyny senesini resmi taýdan tassyklady: 9-njy iýulda nämeler garaşýar
Samsung 9-njy iýulda Galaxy Unpacked tanyşdyryş çäresiniň geçiriljekdigini resmi taýdan tassyklady. Täze enjamlar Nýu-Ýorkda, ýerli sagat bilen sagat 10:00-da (Aşgabat wagty bilen 19:00-da) görkeziler diýip, The Verge habar berýär
26.06.2025 16:42
4k+
Apple tankytlary nazara alyp, iOS 26-nyň ikinji beta wersiýasynda Liquid Glass-yň interfeýsiniň üstünde işledi
Apple kompaniýasy iOS 26 operasion ulgamynyň ikinji beta-wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme bilen kompaniýa täze interfeýs dizaýny bolan Liquid Glass-daky esasy meseleleriň birini düzetdi. Täze interfeýs ýokary aç-açanlykly aýnanyň optiki aýratynlyklaryndan ylham alyp işlenipdi
26.06.2025 16:31
1.9k+
Windows 11-de dikeldiş nokatlary iki aýdan pozulyp başlar
Microsoft kompaniýasy Windows 11-de dikeldiş nokatlarynyň (Restore point) saklanyş möhletini üýtgetdi. 2025-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, 24H2 wersiýasy üçin täze täzelenme girizilenden soň, bu nokatlar indi diňe 60 gün saklanar — öň bu möhlet 90 güne barabardy
26.06.2025 16:21
3.2k+
Huawei eplenýän Pocket 2 Premium Edition-y çykarar: ol esasy wersiýadan arzan bolar
Huawei täze eplenýän Pocket 2 Premium Edition smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar diýip, brendiň Weibo sosial ulgamyndaky resmi hasaby habar berýär. Täze model 26-njy iýunda satuwa çykarylar we öňki Pocket 2 modelindäki ýaly dört reňkde hödürlener: Tahitian Gray (çal), Rococo White (ak), Purple (gyrmyzy), Black (gara)
26.06.2025 16:12
3k+
Gaý Riçiniň «Gangsterland» serialy ikinji möwsüme uzaldyldy
Paramount kompaniýasy “Gangsterland” teleserialyny ikinji möwsüme uzaltdy diýip, Variety habar berýär. Serial mart aýynda başlapdy, ilkinji möwsüminiň soňky bölümi bolsa 1-nji iýunda görkezildi. Serial alty hepde yzygiderli Nielsen reýtinginde iň gowy on original taslamanyň hataryna girmegi başardy
26.06.2025 16:00
2.2k+
Jeýms Bond hakyndaky indiki filmi "Alaňyň" režissýory Deni Wilnýow düşürer
Jeýms Bond baradaky indiki filmi kanadaly režissýor Deni Wilnýow surata düşürer diýip, Variety habar berýär. Wilnýow “Gelip çykyş” («Прибытие»), “Duşman” («Враг»), “Päkiniň üstünden ylgap barýan 2049” («Бегущий по лезвию 2049») we “Alaň” («Дюна») filminiň iki bölümi bilen tanalýar
26.06.2025 13:57
3.4k+
Türkmenistanyň Döwlet sirki şowhunly çykyşy bilen möwsümi tamamlaýar
Türkmenistanyň Döwlet sirki Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny şowhunly sirk tomaşalaryny görmäge çagyrýar. Bu çykyşlar şu möwsümde iň soňky bolar. Çykyşlar 29-nnjy iýunda sagat 18:00-da başlanýar. Çykyşlaryň
25.06.2025 15:35
4.8k+
"Death Stranding 2" tankytçylary haýran galdyrdy. Oýna “sungat eseri” diýip baha berildi
26-njy iýunda çykarylmagy meýilleşdirilýän "Death Stranding 2: On the Beach" oýny tankytçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Metacritiс-de Hideo Kodzimanyň täze taslamasynyň 94 syn esasynda 90 baly bar - diňe üçüsi garyşyk, galanlary oňyn
25.06.2025 11:59
7.6k+
SpaceX adaty ýükler bilen birlikde, kosmosa adamlaryň we haýwanlaryň galyndylaryny hem çykardy
23-nji iýunda Kaliforniýanyň (ABŞ) Wandenberg kosmodromyndan SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasy uçuryldy. Bu sapar raketa dürli sargytçylaryň 70 sany adaty ýükünden başga-da, adaty bolmadyk ýüki – adamlar bilen öý haýwanlarynyň külünden we DNK-syndan ybarat 150 kapsulany hem orbita çykardy
25.06.2025 11:31
13k+
Jonni Depp Jek Worobeýiň keşbinde Madridiň hassahanasyndaky çagalary begendirdi
Jonni Depp Madriddäki Niño Jesús hassahanasynda bejergi alýan çagalary begendirmek üçin ýene-de kapitan Jek Worobeýiň keşbinde peýda boldy diýip, People neşiri habar berýär. Aktýor meşhur garakçynyň keşbinde hassahananyň otaglaryna aýlanyp, kiçijik hassalar bilen salamlaşdy, olara “bäş berdi” we ruhlaryny göterdi
24.06.2025 19:05
6.8k+
Günorta Koreýanyň kazyýeti sanly awatarlary hakyky adamlar ýaly gorap başlady
Günorta Koreýanyň kazyýeti sanly awatarlara atylan töhmeti olaryň eýeleriniň mertebesine zyýan ýetirmek bilen deňeşdirdi. Bu barada South China Morning Post habar berýär. Kazyýet işi Plave wirtual K-pop toparynyň agzalary tarapyndan öňe sürüldi
24.06.2025 18:51
5.9k+
Hideo Kodzima Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň meşhur geýmdizaýneri diýlip ykrar edildi
Ýaponiýaly geýmdizaýner we režissýor Hideo Kodzima iň meşhur oýun režissýory hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada ýapon teleýaýlymlarynyň birinde berlen tok-şouwyň göni ýaýlymynda habar berildi
24.06.2025 18:46
3.9k+
Redmi smartfonlar we konsollar üçin oýun geýmpadyny hödürledi
Redmi kompaniýasy mobil oýunlaryna gönükdirilen hususy oýun kontrollerini çykarmaga taýýarlanýar. Bu barada Xiaomi-niň önüm menejeri Bao So Li salgylanyp, Gizmochina habar berýär. Täze gurluş Bluetooth birikmesini goldaýar, bu hem ony diňe bir smartfonlar we planşetler däl, eýsem oýun konsollary bilen hem ulanmaga mümkinçilik berýär
24.06.2025 10:32
3.2k+
Pixar-yň “Elio” atly täze multfilmi studiýanyň taryhynda iň ýaramaz kassa ýygymy bilen başlady
“Elio” multfilmi hepdäniň ahyrynda ABŞ-da bary-ýogy 21 million dollar girdeji gazandy. Variety neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, bu Pixar üçin häzirki taryhynda iň gowşak ilkinji çykyş boldy. Filmiň umumy girdejisi 25 million - 30 million dollar aralygynda bolar diýlip garaşylýardy
24.06.2025 10:29
3.7k+
Stiwen Spilberg täze ylmy-hyýaly blokbasterini surata düşürip boldy
Stiwen Spilbergiň täze ylmy-hyýaly filminiň surata düşürmek işleri tamamlandy diýip, filmiň edebi esasyny ýazan Dewid Kep (“Gizlin penjire” (“Тайное окно”) World of Reel neşirine beren interwýusynda aýtdy. Filmiň ady entek aýan edilmedi
24.06.2025 00:22
8.9k+
Hytaýda 11 787 sany dron ulanylyp geçirilen şüweleň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Hytaýyň Çuňsin şäherinde dünýäde iň uly dronly ýagtylyk şüweleňi geçirildi. 17-nji iýunda Ýanszy derýasynyň üstünde bir wagtyň özünde 11 787 dron asmana galdy — bu görkeziji öňki dünýä rekordyny (10 197 dron) täzeledi
23.06.2025 16:17
4.3k+
Ed Şiranyň täze “Drive” aýdymy çykdy. Ol “Formula-1” baradaky film üçin saundtrek boldy
Ed Şiran “Formula-1” (F1) sport dramasy üçin saundtrek bolan “Drive” aýdymyny çykardy. Aýdym eýýäm aýdym-saz platformalarynda elýeterli. Ol premýerasy 27-nji iýunda ABŞ-da boljak film üçin saundtrekleriň resmi albomyna girer
23.06.2025 16:14
4.4k+
Maýkl Jordanyň awtografy bolan kolleksiýa otkrytkasy £2,2 mln baha satylyp bilner
Joopiter onlaýn auksionynda Maýkl Jordanyň goly goýlan 1980-nji ýyllaryň seýrek kolleksiýa otkrytkasy satuwa çykaryldy. Söwda 26-njy iýuna çenli dowam eder diýip, What’s Jam neşiri habar berýär. “Bu kart – ýönekeý bir kolleksiýa predmetinden has uly zat, bu sportuň we pop-medeniýetiň bir bölegi
23.06.2025 13:26
8.5k+
Hytaýda kung-fu hakyndaky nusgawy filmleri emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen dikeltmek isleýärler
Hytaýyň kino gaznasy we onuň hyzmatdaşlary emeli aň tehnologiýasy arkaly söweş sungaty baradaky 100 nusgawy filmi dikeltmek boýunça giň gerimli işe başladylar. Bu barada 27-nji Şanhaý halkara film festiwalynda yglan edildi diýip, Variety ýazýar
22.06.2025 19:32
6.9k+
Samsung islegiň peselmegi sebäpli Galaxy S25 Edge smartfonynyň önümçiligini azaldýar
Samsung Galaxy S25 Edge smartfony mahabat kampaniýalaryna we alyjylara wada berlen bonuslara garamazdan, satuwa gowşak başlady we şowsuz bolmaga ýakynlaşýar. Günorta Koreýanyň The Elec neşiriniň habar bermegine görä, smartfonyň satuwy kompaniýanyň çaklamalaryndan pes boldy, şol sebäpli Samsung onuň önümçilik möçberini azaltdy
22.06.2025 19:31
21k+
Hindistanda balykçy birbada 29 sany seýrek balygy tutup, 38 müň dollar gazandy
Hindistanyň Odişa ştatyndan bir balykçy bir gezekde 29 sany seýrek Telia Bhola balygyny tutup, garaşylmadyk ýagdaýda utuş gazandy diýip, KalingaTV neşiri habar berdi. Bu adam Digha derýasynyň deltasynda Nani Gopal traulerinde balyk tutýardy
«
1
…
76
77
78
…
276
»
«
1
…
73
74
75
76
77
78
79
80
81
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.