Apple tankytlary nazara alyp, iOS 26-nyň ikinji beta wersiýasynda Liquid Glass-yň interfeýsiniň üstünde işledi

26.06.2025, 16:424,047
1 / 3

Apple kompaniýasy iOS 26 operasion ulgamynyň ikinji beta-wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme bilen kompaniýa täze interfeýs dizaýny bolan Liquid Glass-daky esasy meseleleriň birini düzetdi. Täze interfeýs ýokary aç-açanlykly aýnanyň optiki aýratynlyklaryndan ylham alyp işlenipdi.

Ilkinji beta-wersiýada ulanyjylar esasan “Dolandyryş merkezi” (ekranyň sag ýokarky burçundan aşak süýşürilip açylýar) bilen baglanyşykly şikaýat edipdiler:

  • Ýarym aç-açan fon, baş ekrandaky elementler bilen birleşip, düwmeleriň we süýşüriji elementleriň okalmagyny kynlaşdyrýardy.
  • Täze wersiýada Apple bu meseläni çözmek üçin fonuň dumanlylygyny güýçlendirdi.

Bildirişler bilen hem baglanyşykly nägilelikler bardy:

  • Olaryň teksti baş ekranyň üstünde sähel görünýärdi.
  • Apple tekstiň kontrastyny ýokarlandyryp, okalmagyny gowulandyrdy.
  • Emma belli bir ýagdaýlarda — ýagty ýa-da açyk fonda — bildirişleriň okalmasy entek hem gowulaşmaga mätäç.

iOS 26-nyň umumy elýeterli wersiýasy güýzde çykarylar diýlip garaşylýar. Apple ulanyjylaryň teswirlerine çalt jogap berip, interfeýsi test tapgyrynyň özünde üýtgedýär.
Ikinji beta-wersiýada peýda bolan beýleki täzelikler:

  • App Store-daky programmalaryň sahypalarynda täze “Ýörite mümkinçilikler” («Специальные возможности») bölümi peýda boldy;
  • iPad üçin Journaling programmasy bilen iCloud sinhronizasiýasy işledildi;
  • Apple Wallet-de zakazlary yzarlamak mümkinçiligi goşuldy;
  • Täze Apple Music Radio widjeti peýda boldy. Şeýle hem başga-da birnäçe täze mümkinçilikler girizildi.

Täzelikleriň doly sanawy bilen Apple-yň degişli sahypasynda tanşyp bolýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.