Niderlandlar Nigeriýa XV-XIX asyrlara degişli 119 sany gymmatly artefakty yzyna gaýtaryp berdi

28.06.2025, 08:445,049

Nigeriýa Niderlandlardan XV-XIX asyrlarda Benin Patyşalygy döwründe döredilen, medeni mirasa degişli 119 sany esbap aldy. Bu XIX asyryň ahyryndan bäri Nigeriýa yzyna geçirilen iň köp möçberdäki medeni emläk boldy diýip, Arise News neşiri  habar berdi.

Gymmatlyklaryň yzyna gaýtarylmagy köp ýyllyk gepleşikleriň we resmi haýyşlaryň netijesi boldy. Ýurtlaryň arasynda 2025-nji ýylyň fewralynda ylalaşyk gazanylypdy. Medeni mirasyň gymmatlyklarynyň yzyna geçirilýändigi barada Niderlandlaryň Medeniýet ministrligi yglan etdi.
Gymmatlyklaryň köpüsi benin bürünçleri diýlip atlandyrylýan zatlardan ybarat, olara häzirki Nigeriýanyň günortasynda ýaşap geçen Benin Patyşalygynyň ussalary  tarapyndan döredilen bürünç we latun önümleri degişli. 1897-nji ýylda britan konsuly Jeýms Fillips we onuň ýoldaşlary heläk bolandan soň, britan goşunlary Beniniň döwlet gurluşyny ýykdy, köşgi talady we artefaktlary Beýik Britaniýa alyp gitdi. Soňra bolsa olar Niderlandlaryň muzeýleri bilen birlikde dünýäniň muzeýlerine düşdi. Umuman alanyňda, 20 ýurtda 5000-den gowrak şuňa meňzeş gymmatlyklaryň bardygy mälim.
Leýden şäherindäki Bütindünýä muzeýiniň we Rotterdam muzeýiniň ýygyndysynda saklanýan artefaktlar (heýkeljikler, atýazgylar, şaý-sepler we beýleki zatlar) taryhy watanyna gaýtaryldy. Geçirilen zatlaryň dördüsi Lagosdaky Milli muzeýde saklanar, galanlary Benin-Sitidäki Beniniň öňki hökümdarlarynyň köşgündäki muzeýe geçiriler.
Soňky ýyllarda Nigeriýanyň hökümeti köp sanly medeni gymmatlyklaryň beýleki ýurtlardan yzyna gaýtarylmagyny üpjün etdi. 2022-nji ýylda Londondaky Horniman muzeýi kolleksiýasynyň bir bölegini, 2023-nji ýylda bolsa Kýölndäki Rautenştrauh-Ýostyň Etnografik muzeýi bir bölegini Nigeriýa berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.