Niderlandlaryň merkezi bölegindäki Krýoller-Mýuller muzeýinde sergi açyldy we onda 1984-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Winsent Wan Goguň muzeýde saklanýan 88 suratynyň ählisi bir wagtda goýuldy.
«Wan Gog, biziň ähli suratymyz» atly sergi 2027-nji ýylyň 3-nji ýanwaryna çenli dowam eder. Muzeýiň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu Wan Goguň eserleriniň şu asyrdaky iň uly sergileriniň biridir.

Sergide esasy orny «Ýeralma iýýänler» eýeleýär — bu suratkeşiň 1885-nji ýylda döreden we daýhanlaryň agyr durmuşyny suratlandyrýan meşhur eseridir.
Şeýle hem 1888-nji ýylyň «Gijeki kafe eýwany» we 1884-nji ýylyň «Nýunendäki köne diň» eserleri hödürlenýär.

Muzeýiň wekilleri sergi meýdançasynyň Wan Goguň bütin ömrüniň we döredijilik ýolunyň içinden geçýän üç sany temanyň: ynamyň, umydyň we söýginiň töwereginde gurlandygyny nygtaýar. Olaryň aýtmagyna görä, žiwopis diliniň üsti bilen suratkeş adamlara umyt we ruhy teselli bermäge çalşypdyr.
Kolleksiýanyň suratlarynyň köpüsi 1908–1930-njy ýyllar aralygynda muzeýi esaslandyryjy Helen Krýoller-Mýuller tarapyndan ýygnalypdyr. Muzeýiň Wan Goguň eserleriniň dünýädäki iň uly hususy ýygyndylarynyň birini özünde saklaýandygyna garamazdan, onuň ähli işleri seýrek ýagdaýda bir wagtda sergä çykarylýar. Munuň hem sebäbi olary gorap saklamakdaky berk düzgünlerdir.
Winsent Wan Gog (1853–1890) postimpressionizmiň öňdebaryjy şahsyýetleriniň biri bolup, ol özüniň gysga döredijilik ýolunyň dowamynda 900-a golaý surat çekipdir. Suratkeş meşhur eserleriniň köpüsini, şol sanda «Günebakar» tapgyryny we köp sanly awtoportretlerini Fransiýada ýaşan döwri döredipdir.