Nýu-Ýork aýlagynyň asmanynda 11-nji sentýabr wakalarynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dron şüweleňi geçirildi. Asmana göterilen 2 977 sany yşyk şol wakalarda pida bolan her bir adamyň hatyrasyna bagyşlandy. Soňra yşyklar bir ýere jemlenip, Bütindünýä söwda merkeziniň öňki ekiz diňleriniň doly ölçegdäki suduryny emele getirdi.
Bu installýasiýa anna güni geçiriljek ýatlama dabaralarynyň öňüsyrasynda hatyralamaga we jebislige bagyşlanan köpçülikleýin çäre hökmünde geçirildi.
Taslama şol wakada pida bolanlaryň garyndaşlarynyň, diri galanlaryň we adatdan daşary ýagdaýlar gulluklarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda döredildi.

Şüweleňde Bütindünýä söwda merkeziniň ekiz diňleriniň hatyrasyna iki sütünde ýerleşdirilen 88 sany güýçli prožektordan ybarat «Tribute in Light» («Yşyk bilen hormat») installýasiýasy hem görkezildi. Bu installýasiýa ilkinji gezek 2002-nji ýylda wagtlaýyn ýatlama çäresi hökmünde geçirilen hem bolsa, uzagy bilen ol her ýyl geçirilýän däbe öwrüldi.