Niderlandlaryň Assen şäheriniň golaýyndaky Norgerbrýug awtomobil köprüsiniň açylyşy 2027-nji ýylyň başyna geçirildi. Muňa desganyň aşagynda oba garlawaçlarynyň höwürtge edinip, täze ýumurtga goýmagy sebäp boldy.
Guşlaryň bu görnüşi kanun tarapyndan goralýar. Hut şonuň üçin garlawaçlaryň jüýje çykarýan döwründe höwürtgeleriň golaýynda islendik işleri alyp barmak gadagan. Drente prowinsiýasynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, höwürtgeler boşap, ekologlar barlag geçirenden soň gurluşyk işlerini dowam etdirmek mümkin bolar. Çaklamalara görä, höwürtgeler oktýabr aýyndan bäri boşamaz. Şondan soň potratçynyň işleri tamamlamagy üçin ýene-de sekiz hepde töweregi wagt gerek bolar.
Köprini abatlamak işleri 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda başlanypdy. Meýilnama görä, olar alty aýyň dowamynda tamamlanmalydy. Emma howanyň ýaramazlaşmagy we ýüze çykan tehniki bökdençlikler işleriň möhletiniň yza tesmegine sebäp boldy.
Mälim bolşuna görä, köpriniň aşagyndaky köne höwürtgede garlawaçlar ýene-de ýumurtga goýupdyr. Mundan başga-da, onuň golaýynda täze höwürtge hem gurupdyr.
Abatlaýyş işleri başlanmazdan öň köprüden her gün, takmynan, 8 müň sürüji peýdalanýardy. Häzir sürüjiler ýapylan bölegi aýlanyp geçmeli bolýar. Bu ýagdaý ýerli ýaşaýjylar we işewürler üçin goşmaça kynçylyklary döredýär.