7-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň meýdançasynda guraldy diýip, DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we özara gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Aýratyn hem, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, iki ýurduň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini giňeltmäge we sebit ulag aragatnaşyklaryny berkitmäge uly üns berildi.
Iki ýurduň ulag infrastrukturasyndan, şol sanda üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň möhümdigi nygtaldy. Şeýle hem sebit we halkara ulag başlangyçlary barada pikir alşyldy.
Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministri Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki çäreleriň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmäge we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge bolan gyzyklanmany tassyklady.