Fransiýanyň günortasyndaky Kan-sýur-Mer şäherinde impressionist suratkeş Ogýust Renuaryň muzeýinden dört sany surat eseri ogurlandy. Fransuz polisiýasyna salgylanýan TF1 we BFM teleýaýlymlarynyň habar bermegine görä, jenaýatkärler olaryň birini gaçyp barýan wagtlary taşlap gidipdirler.
Muzeýdäki duýduryş ulgamy 8-nji sentýabrda irden sagat 6 töweregi işläp başlapdyr. Kamera ýazgylarynda suratlaryň kendirini kesip alýan iki sany jenaýatkär görünýär.

Kan-sýur-Mer şäher häkimligi ogurlanan eserleriň umumy bahasyny, takmynan, 9 million ýewro diýip kesgitleýär. Edil häzir suratlaryň haýsynyň ogurlanany belli däl. Şeýle hem olar Renuaryň öz eserlerimi ýa başga suratkeşleriňkimi, takyk aýdylanok. Muzeýde Renuaryň 13 sany suraty, şeýle hem Aristid Maýol, Pýer Bonnar we Raul Dýufiniň işleri saklanylýardy.

Muzeý Renuaryň 1907-nji ýylda satyn alan «Les Collettes» mülkünde ýerleşýär. Suratkeş ol ýerde iki sany ussahanaly willa gurup, ömrüniň soňky ýyllaryny şol ýerde geçiripdir. Ol bu mülkünde Anri Matiss, Pablo Pikasso, Amedeo Modilýani we Klod Mone ýaly meşhur suratkeş dostlaryny myhman alypdyr.
Renuar 1919-nji ýylda aradan çykýar. Onuň öý muzeýi bolsa 1960-njy ýylda açylýar.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda Ýewropanyň iri muzeýleriniň ençemesinde şuňa meňzeş ogurlyk bolup geçdi (mysal üçin: 1, 2, 3, 4, 5, 6). 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda ogrular Luwra girip, imperator toplumyndan dokuz sany şaý-sepi, şol sanda Napoleona we onuň aýaly Žozefina degişli bolan şaý-sepleri alyp gidipdiler.