Le Parisien: Fransiýada muzeýden 4 million ýewrolyk gymmat bahaly şaý-sepler ogurlandy

Şu gün, 11:152,103

Fransiýanyň gündogaryndaky Winžen-sür-Moder kommunasynda ýerleşýän Lalik zergärlik sungaty muzeýinde uly ogurlyk boldy. «Le Parisien» gazetiniň habar bermegine görä, jenaýatçylar umumy bahasy 4 million ýewro barabar bolan gymmat bahaly şaý-sepleri ogurlady.

«Şaý-sepleriň 20-ä golaýy ogurlandy. Ýetirilen zyýanyň mukdary häzirki wagtda takyklanylýar, ýöne ol birnäçe million ýewro, belki, takmynan 4 million ýewro ýetip biler» – diýip, neşir derňew işlerine ýakyn bolan çeşmäniň sözlerini getirýär.

Ogurlyk ýerli wagt bilen sagat 05:30 töweregi bolup geçdi. Jenaýatçylar bina giren badyna göni şaý-sepleriň saklanýan zalyna tarap ugrady. Duýduryş ulgamynyň işläp başlandygyna garamazdan, ogrulary saklamak başartmady. Gorag kompaniýasy duýduryşyň sebäbini barlaýan wagty, wakanyň bolan ýerine ilkinji bolup tam süpüriji geldi we ol polisiýa habar berdi.

Häzirki wagtda polisiýa wideo-gözegçilik kameralarynyň ýazgylaryny öwrenýär. Muzeýiň administrasiýasy ogurlyk zerarly ekspozisiýanyň ýakyn günlerde tomaşaçylar üçin ýapyk boljakdygyny mälim etdi. Muzeý «asuda we howpsuz ýagdaýda işläp başlamak» üçin degişli çäreleri görer.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň oktýabrynda Luwrdaky talaňçylykdan soň, bu muzeý hem gowşak goragly desgalaryň sanawyna girizilip, «aýratyn gözegçilik astynda» saklanýardy. Muzeý 2011-nji ýylda ar-nuwo we ar-deko stillerinde döreden hem-de aýna we zergärlik önümleri bilen şöhrat gazanan dekorator we suratkeş Rene Laligiň (1860–1945) adyny göterýän fabrigiň golaýynda açyldy. Onuň döredijiligine bagyşlanan muzeýiň kolleksiýasynda 650-den gowrak eser bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.