Wenadaky muzeýden müsür şa zenanynyň 600 göwherli monjugy ogurlandy: bahasy $4 mln

Şu gün, 14:121,894
1 / 2

Wenadaky Amaly-haşam sungaty muzeýinden (MAK) Müsüriň öňki şa maşgalasyna degişli platina monjugy ogurlandy. Onuň bahasy $4 milliondan geçýän bolmaly diýip, BBC News habar berýär.

Polisiýanyň maglumatyna görä, monjugy adaty petek alyp, sergä gelen iki erkek adam ogurlapdyr. Olar aýna witrinanyň ýanyna baryp, ony döwüpdir we şaý-sepi alyp gözden ýitipdir. Çaklamalara görä, güman edilýänleriň biri ýany ýaragly eken.

Monjuk Van Cleef & Arpels şaý-sep kompaniýasynyň sergisiniň bir bölegidi. Ol platinadan ýasalyp, umumy agramy 200 karatdan geçýän 600-den gowrak göwher daşy bilen bezelen.

Monjuk Müsüriň öňki şa maşgalasy üçin ýasalypdyr. 1939-njy ýylda şa zenany Näzli ony gyzy Fawziýanyň geljekki Eýran şasy Muhammed Reza Pehlewi bilen tutan toýunda dakynypdyr.

MAK-yň baş direktory Lilli Holleýniň aýtmagyna görä, muzeý Van Cleef & Arpels bilen bilelikde serginiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň meýilnamasyny öňünden taýýarlapdyr. Şeýle-de bolsa, ol görlen çäreler barada anyk maglumat bermekden saklandy.

Bu ogurlyk Ýewropanyň iri muzeýlerinde soňky döwürde bolup geçen şuňa meňzeş jenaýatlaryň dowam edýän wagtynda ýüze çykdy (ine, mysallar: 1, 2, 3, 4, 5). Ýewropolyň maglumatyna görä, soňky bir ýylyň dowamynda şeýle jenaýatlar «barha howp-hatarly häsiýete eýe bolýar», jenaýatkärler indi köplenç zorluk we güýç ulanmakdan çekinmän başladylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.