Tutanhamonyň guburynyň golaýynda gizlin otaglaryň alamatyny tapdylar

Şu gün, 15:082,347
1 / 2

Şalaryň jülgesinde ýerleşýän Tutanhamonyň aramgähiniň golaýynda geçirilen geofiziki barlaglar näbelli otaglara mahsus, dykyzlygy peselen ýerleri ýüze çykardy.

Täze maglumatlar has uly mazarlar toplumy baradaky çaklamany tassyklaýar, emma otaglaryň, hakykatdan hem, bolandygy we olaryň Nefertitä dahyllydygy heniz subut edilmedi.

Aýn-Şams uniwersitetiniň arheology Mamduh el-Damatiniň ýolbaşçylygyndaky topar KV62 guburynda geçirilen barlagyň netijelerini hödürledi. Amarna Royal Tombs Project taslamasynyň çäginde çap edilen hasabat 2023–2024-nji ýyllaryň meýdan ölçegleri has ir geçirilen barlaglaryň täze gözden geçirilişi bilen birleşdirildi. Bu ýerde gürrüň guburyň açylmagynda däl-de, täze maglumatlar barada barýar.

Gözlegler müsürşynas Nikolas Riwziň 2015-nji ýylda öňe süren çaklamasy bilen baglanyşykly. Onuň pikirine görä, Tutanhamonyň aramgähiniň has uly şalyk aramgähiniň daşky böleginde ýerleşen bolmagy mümkin, toplumyň gonambaşysy bolsa Nefertiti bolup biler. Öňki geofiziki barlaglar biri-birine gapma-garşy netijeler beripdi.

Täze işde ýer radary we mikrogrewimetriýa — dag jynslarynyň ýerasty dykyzlygyny bahalandyrmaga mümkinçilik berýän, agyrlyk güýjüniň gowşak üýtgemelerini ölçemek usuly ulanyldy. Awtorlar alnan duýduryşlaryň bir bölegini gömlen geçelge we takmyn otaglaryň alamaty hökmünde düşündirýär. Ýöne muňa garamazdan, ýer radary mazaryň diwarlarynyň arka ýüzünde aýdyň boşluklary tapmady.

Barlagçylaryň hödürlän göwrümli çyzgysy tapylan otaglaryň taýýar kartasy däl-de, eýsem, doly anyklanylmadyk bir nusgadyr. Olaryň arasynda ikisiniň ähtimallygy ýokary bolup, beýleki gurluşlar we olary birleşdirýän geçelgeler çaklama bolmagynda galýar.

Nature žurnalynda öz pikirlerini paýlaşan garaşsyz hünärmenler netijeleri gyzykly hasaplasalar-da, entek jemleýji netijä gelerden irräkdigini bellediler. Awtorlar çaklamany barlamak üçin kamera ulanmak bilen kiçi burawlama işlerini geçirmegi teklip edýär. Ýöne munuň üçin Müsür häkimiýetleriniň rugsady gerek bolar.