Ispaniýada 10 kg gadymy altyn şaý-seplerden ybarat «Wilýena hazynasy» ogurlandy

Düýn, 12:304,073
1 / 2

Näbelli adamlar 27-nji awgustda Ispaniýanyň Wilýena şäherindäki MUVI arheologiýa muzeýini talap, bürünç eýýamyna degişli altyn şaý-seplerden ybarat meşhur «Wilýena hazynasynyň» esli bölegini ogurladylar. Bu barada El País neşiri habar berýär.

Howpsuzlyk gullugy signalizasiýa işlän dessine, bary-ýogy dört minutdan soň wakanyň bolan ýerine geldi, ýöne jenaýatkärler onýança eýýäm gaçyp gidipdirler.

Muzeýiň signalizasiýasy ýerli wagt bilen irden sagat 5:20 töweregi işläp başlady. Ogurlanan zatlaryň umumy agramy 10 kg töweregi. Olaryň arasynda altyn we demir bilezikler, çanaklar we gap-gaçlar, şa hasasynyň bezeg bölekleri we beýleki gymmatlyklar bar.

Neşiriň berýän maglumatyna görä, ogrylar kolleksiýanyň agramly bölegini göterip gidipdirler. Häzirlikçe güman edilýän adamlar tutulmady.

Alikante welaýatynyň hökümet başlygynyň orunbasary muzeýe uly maddy zyýan ýetirilendigini aýtdy.

«Wilýena hazynasy» bürünç eýýamyna degişli we Ispaniýanyň iň meşhur arheologik kolleksiýalarynyň biri hasaplanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.