Ispaniýada aşa yssydan soň güýçli apy-tupan turdy

Düýn, 10:545,550
1 / 2

Aşa yssy günleri başyndan geçiren Ispaniýanyň gündogar sebitleri güýçli gök gürlemeleri, dowamly çabgalar, doly hem-de tizligi sekuntda 40 metre ýetýän harasatly şemal bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu barada El País gazeti habar berýär.

Şu hepde ýurduň uly böleginde jokrama yssy höküm sürdi. Aýratyn-da Walensiýa prowinsiýasynda howanyň temperaturasy örän ýokary galdy. Çarşenbe güni howanyň gyzgynlygy 44 gradusa baryp ýetdi. Hatda penşenbä geçilýän gijesine-de bu sebitlerde termometrler 35–37°C görkezip durdy, Deniýa şäherinde bolsa gijeki howa hatda rekord 39°C yssy boldy.

Ýöne eýýäm ertesi howa birdenkä düýpli üýtgedi we bary-ýogy birnäçe sagadyň içinde sebiti güýçli apy-tupan gaplap aldy.

Esasanam Walensiýada diýseň güýçli çabga ýagdy. Ýowuz howa infrastruktura binalaryna maddy zyýan ýetirdi. Baglar ýykylyp, öýleriň üçekleri harap boldy. Tupanyň täsiri Mursiýa we Albasete prowinsiýalaryna hem bildirdi. Balear adalarynyň töwereginde bolsa aldygyna gök gürledi.

Ispan meteorologlary 2026-njy ýylyň ilkinji ýarymyny ýurtda soňky 65 ýylyň iň yssy möwriti diýip yglan etdiler. Iýun aýy gözegçilikleriň tutuş taryhynda iň yssy iýun aýlarynyň ikinjisi bolan bolsa, iýul aýy 1961-nji ýyldan – statistikanyň ýöredilip başlanan wagtyndan bäri iň yssy we gurak aýa öwrüldi.

Şu hepdäniň dowamynda Ýewropanyň beýleki ýurtlary hem ýowuz howa duçar boldular. Italiýanyň Toskana sebitinde bir gijäniň içinde 23 müňden gowrak ýyldyrym çakdy, 6 müň töweregi öý bolsa toksuz galdy. Fransiýada doly, ýyldyrym we güýçli tupan sebäpli harasat duýduryşy yglan edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.