Ispan häkimiýetleri fizaliýalaryň («portugal gämijikleriniň») köpçülikleýin peýda bolmagy sebäpli ýurduň demirgazygyndaky kenarýaka dynç alyş ýerleriň birnäçesini wagtlaýyn ýapdylar.
Awuly suw jandarlaryna galtaşyp, ejir çeken adamlaryň sany diňe San-Sebastian şäheriniň özünde bir günde 120-ä ýetdi.
Fizaliýalar meduzalara meňzeş bolsa-da, başga görnüşe degişlidir. Gysgyçlary 50 metre çenli uzap bilýän bu deňiz jandarlaryna galtaşmak ilki güýçli agyry döredip, soňra saglyk üçin agyr netijä getirip bilýär.
San-Sebastianda jebir çekenler awuşama, ýürek bulanma, dem almagyň kynlaşmasy we ýürek urşunyň bozulmagy ýaly alamatlara sezewar boldular. Iki adam hassahana ýerleşdirildi. Şuňa meňzeş wakalar Getariýada we Sarausda hem hasaba alyndy.
Ýagdaýyň ýitileşmegi sebäpli Gipuskoa welaýatynyň birnäçe kenarynda, şol sanda San-Sebastianda, Sarausda we Gaztetapeda çäklendirmeler girizildi.
Hünärmenler fizaliýalaryň köpçülikleýin peýda bolmagyny demirgazyk-gündogardan gelýän şemal bilen adatdan daşary ýyly suwuň utgaşmagyndan görýärler. Gipuskoa kenarynda deňziň temperaturasy 24,8 gradusa ýetdi. Bu ortaça görkezijilerden 2–3 gradus ýokary.
Edil şeýle ýagdaýlar Fransiýada hem ýüze çykýar. Şu hepde häkimiýetleriň Atlantik ummanynyň kenarynda fizaliýalaryň köpelendigini habar bermegi bilen, Bretanda we Landada birnäçe kenar ýapyldy.
7-nji awgust agşamsyna çenli San-Sebastian we Basklar Ýurdunyň kenarlarynda ýagdaý kadalaşdy. Şemalyň ugruny üýtgetmegi we fizaliýalaryň esasy böleginiň kenardan uzaklaşmagy netijesinde suwa düşmek üçin girizilen berk çäklendirmeler aýryldy.
Muňa garamazdan, şäher häkimiýetleri we halas edijiler kenarýaka zolagynda yzygiderli gözegçilik saklamagy dowam edýärler.