Howply ýük: 80 ýyl öň gark bolan suwasty gämi henizem Norwegiýa wehim salýar

Düýn, 21:153,919

Norwegiýanyň kenarynda, takmynan, 150 metr çuňlukda 80 ýyldan gowrak wagt bäri Germaniýanyň U-864 suwasty gämisi ýatyr. Taryhy resminamalara görä, onda onlarça tonna simap bolup biler. Norwegiýanyň hökümeti häzirki wagtda howply ýüki nädip howpsuz ýagdaýda ýok etmelidigi baradaky meseläniň üstünde işleýär.

Suwasty gämi 1945-nji ýylyň fewral aýynda Fedýe adasynyň golaýynda batypdyr. Saklanyp galan resminamalar Ýaponiýa üçin 1867 konteýner simap taýýarlanandygyny görkezýär. Eger olaryň hemmesi ýüklenen bolsa, onda howply ýüküň umumy möçberi, takmynan, 65-67 tonna bolup biler. Ýüklenen ýüküň möçberi baradaky resminamalaryň saklanyp galmandygy sebäpli, takyk maglumat ýok.

U-864 Norwegiýanyň üsti bilen Ýaponiýa ugrapdyr. Harby we tehniki enjamlardan başga-da, onda Ýaponiýanyň goranmak senagaty üçin hünärmenler hem-de materiallar bar eken. 1945-nji ýylyň 9-njy fewralynda Britaniýanyň HMS Venturer suwasty gämisi radiohabaryň mazmunyny anyklandan soň, nemes suwasty gämisine torpedo atýar. U-864 ýok ​​edilýär we gämidäki 73 adamyň hemmesi heläk bolýar. Bu waka bir suwasty gäminiň suwuň astynda beýleki bir suwasty gämini gark etmeginiň ýeke-täk belli mysaly hasaplanýar.

Gäminiň galyndylary diňe 2003-nji ýylda tapylypdy. Ol, takmynan, 150 metr çuňlukda iki bölek bolup ýatyr.

2025-nji ýylyň maý aýynda Norwegiýanyň Kystverket kenarýaka edarasy ol ýeri uzakdan dolandyrylýan enjamlar, kameralar we akustiki ölçegler arkaly barlady. 2026-njy ýylda gäminiň galyndylaryndan 22 konteýner çykarylyp alyndy. Olaryň, takmynan, 80%-iniň zeperlenendigi sebäpli, kenara çykarylan ýarym tonna töweregi simabyň bir bölegi suwa döküldi.

Kystverket galyndylaryň üstüni gorag örtügi bilen ýapmagy maslahat berdi. Sebäbi giň möçberli çykarylyş wagtynda arassalap boljagyndan köp hapalaýjy maddalaryň dökülme töwekgelçiligi bardy. Sebitdäki balyklar we mollýuskler yzygiderli barlagdan geçirilip durulýar. Häzirlikçe barlaglar simabyň derejesiniň durnukly ýa-da pesdigini görkezýär.