Serbiýanyň Prezidenti Wuçiç wezipesinden gitmek kararyna geldi

Düýn, 15:186,364

Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç ABŞ-dan gaýdyp gelen dessine, 25-nji ýa-da 26-njy sentýabrda wezipesinden gitmek kararyna geldi. Şondan soň, ol adaty raýat hökmünde parlament saýlawlaryna gatnaşmagy we premýer-ministrlige dalaş etmegi meýilleşdirýär.

"Men Nýu-Ýorkdan gaýdyp gelen dessime wezipämden çekilerin. 25-nji sentýabrdamy ýa-da 26-njy sentýabrda diýip, sözümde tutjak bolmaň, ýöne bu hakykat" diýip, Politika neşiri onuň sözlerini getirýär.

Prezidentiň aýtmagyna görä, Serbiýanyň kanunçylygy onuň saýlaw kampaniýasy başlamazdan öň wezipesinden gitmegini talap etmeýär. Ol bu karary özbaşdak kabul edendigini belledi.

Şeýle-de Wuçiç saýlaw kampaniýasynyň dowamynda Serbiýanyň dürli künjeklerine aýlanyp, halka hut özüniň ýüzlenmek isleýändigini hem aýtdy.

7-nji sentýabrda Serbiýanyň hökümeti premýer-ministr Juro Masutyň başlangyjyny goldap, parlamenti dargatmak barada teklibini berdi.

"Saýlawlar hiç haçan döwletiň gowşaklygynyň alamaty bolmandy. Saýlawlar demokratik Serbiýanyň sarsmaz güýjüniň subutnamasydyr" diýip, Masut nygtady.

Sentýabr aýynyň başynda Wuçiç geljekki saýlawlarda häkimiýet başyndaky Serbiýanyň Progressiw partiýasynyň sanawynyň başyny çekjekdigini we premýer-ministr wezipesine dalaş etjekdigini aýan etdi. Wuçiç iýul aýynyň başynda-da parlament saýlawlarynyň senesi yglan edilenden soň wezipesinden çekiljekdigini aýdypdy.

Serbiýada nobatdan daşary parlament saýlawlaryny 25-nji oktýabrda geçirmek meýilleşdirilýär.