Niderlandlarda ahalteke atlaryny wasp etmekde ýeňiji bolan ussatlar sylaglanyldy

Şu gün, 06:073,127

Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň dünýä çempionaty sungat ussatlaryny hem bir ýere jemledi. Olar öz eserlerinde ahalteke bedewiniň gözelligini we ýyndamlygyny wasp etmek boýunça bäsleşdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Geçirilen döredijilik bäsleşikleriniň netijeleri boýunça ýeňijiler yglan edilip, olara pul baýraklary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy:

  • Atlaryň gözelligini heýkel eserlerinde wasp etmek: Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy P.Patdykow – 1.5 müň ýewro;
  • Nakgaşçylyk eseri: Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy A.Atahanow – 1.5 müň ýewro;
  • Haly eseri: «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň esasy hünärmeni O.Amanjaýewa – 1.5 müň ýewro;
  • Foto surat eseri: ukrainaly fotosuratçy W.Osowskiý – 1.5 müň ýewro;
  • Zergärçilik eseri: Türkmen döwlet ýörite çeperçilik akademiýasynyň mugallymy A.Sähedow – 1.5 müň ýewro.

Ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň çäklerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary «Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan» atly baýrak bilen sylaglanyldy.

Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, uly baýramçylyk konserti geçirildi. Konsertde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň çykyşlary, «Küştdepdi» tansy, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen «Rowaç», «Arzuw» we «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymlar ýerine ýetirildi. Çäre feýerwerkler we dron şüweleňi bilen jemlendi.

Dabaralardan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlary ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna çagyrdy. Soňra Düsseldorf şäheriniň üsti bilen Aşgabada dolandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.