Türkmenistan UK Export Finance kompaniýasy bilen infrastruktura we eksport taslamalaryny maslahatlaşdy

28.06.2025, 17:083,077

27-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa UK Export Finance (UKEF) kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, wekiliýete kompaniýanyň Türkiýe, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin ýolbaşçysy Şebnem Alp ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanda infrastruktura we eksporta gönükdirilen taslamalar bilen baglanyşykly tekliplere garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlylygy beýan etdiler we durnukly ykdysady ösüşe gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.