Arkadag şäherinde ilaty täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmäge taýýarlyk görülýär

Şu gün, 08:133,900

Arkadag şäherinde Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli birnäçe maşgalalary ähli şertleri bolan täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine geçiren iş saparynyň dowamynda mälim edildi diýip, TDH habar berýär.

Şäheriň häkimi G.Mämmedowa öňde duran şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyzlygyň şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralarda zähmetsöýer halkyň belent ruhunyň, bagtyýarlygynyň we ýurduň abadançylygynyň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady.

Ol göz öňünde tutulan ähli çäreleri geçirmäge jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi hem-de baýramçylyk dabaralarynyň taryhy ähmiýetli wakalar bilen beslenmegini üpjün etmek babatda maslahatlaryny berdi.