Nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin üç şäherde täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Şu gün, 00:10515

Türkmenistanda nebitgaz pudagynda zähmet çekýän işgärler üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam edýär. Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanow nebitgaz toplumynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Hususan-da, wise-premýeriň aýtmagyna görä, Mary şäherinde 720 hojalyga niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Birinji tapgyrda eýýäm sekiz sany dört gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar: olaryň dördüsi 40 öýli, ýene dördüsi bolsa 24 öýli bolar. Şunlukda, birinji tapgyr 256 hojalyga niýetlenilen öýi ulanyşa bermek göz öňünde tutýar.

Balkanabat şäherinde her biri 24 öýli bolan dört gatly 10 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp barylýar — jemi 240 öý.

Türkmenbaşy şäherinde bolsa 72 öýli 12 gatly ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow taýýarlanan teklipleri makullap, nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin ähli zerur şertleri bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.