Ýabany tebigatyň BigPicture-2025 foto bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

27.06.2025, 18:016,418
1 / 9

Kaliforniýanyň Ylymlar akademiýasy her ýyl geçirilýän BigPicture-2025 foto bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Ol ýabany tebigatyň gözelligine we ony goramagyň meselelerine bagyşlanýar.

Absolýut ýeňiji: özüne ýapyşan çagasy bilen jülgäniň üstünden bökýän urkaçy goňur lemur (Eulemur fulvus) / © Dunlin Çžou

Kategoriýalar boýunça ýeňijiler:

Fotoreportaž: üstüne yzgar düşen siňek / © Takuýa Isiguro

Gury ýerdäki durmuş: Kanadanyň Tundrasynda polýar möjekleri (Canis lupus arctos) / © Amir Eşel

Ganatly durmuş: ak ene ýaprakburun (Ectophylla alba) we onuň çagalary / © Dwir Barkaý

Tebigatyň sungaty: Germaniýanyň Rýungen adasynyň kenaryndaky tolkunlar / © Sandra Bartoka

Adam we tebigat: Keniýanyň ýabany tebigaty goramak gullugynyň işgärleri anesteziýa edilenden soň dem almagyny bes eden gara ene kerki (Diceros bicornis) halas edýär. Haýwan halas edildi we goraghana geçirildi / © Ami Witale

Peýzažlar we ösümlik dünýäsi: Polşanyň Rybnik şäherindäki doňan köl / © Markin Giba

Suw durmuşy: Karib deňziniň ene rif osminogy (Octopus briareus) basan ýumurtgalaryny goraýar / © Ket Çžou

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.