Ummanyň ruhy: Ocean Photographer 2026 bäsleşiginden iň gowy suratlar

Şu gün, 01:30232
1 / 13

Ocean Photographer of the Year 2026 bäsleşiginiň emin agzalary ummanyň köpdürlüligine bagyşlanan baýragyň ýeňijilerini yglan etdi. 

Bäsleşige hödürlenen suratlar ummany ähli ajaýyplygy bilen şöhlelendirýär, ekoulgamyň näzikligini we ony goramagyň zerurlygyny görkezýär.


• “Ýabany tebigat” kategoriýasynda finalçy / © Allan Cronin / Ocean Photographer of the Year 
Täze Zelandiýanyň suwlarynda deňiz pişigi skat balygyny tüýtmeleýär, deňiz guşlary bolsa awdan galjak böleklere tamakinlik bilen onuň töweregine ýygnanýar.

“Adam bilen tebigatyň baglanyşygy: adamlar we planeta” kategoriýasynda finalçy / © Anita Verde / Ocean Photographer of the Year
Ägirt uly aý-balyk Meksikanyň Aşaky Kaliforniýa kenarýakasynyň dury suwunda ýüzüp barýar. 

“Şekillendiriş sungaty” kategoriýasynyň finalçysy / © Ben Thouard / Ocean Photographer of the Year
Güýçli tolkun Taitiniň kenaryna urulýar, şeýlelik bilen, ummanyň baş-başdaklygynyň bir pursady ýapon suratkeşi Hokusaýyň «Kanagawadaky uly tolkun» atly grawýurasyny ýatladýan kompozisiýa öwrülýär.


“Ýabany tebigat” kategoriýasynyň finalçysy / © Andrea Michelutti / Ocean Photographer of the Year
Deňiz tikenegi hažžyk-balygy ýuwudýar.

• "Adam bilen tebigatyň baglanyşygy: adamlar we planeta” kategoriýasynyň finalçysy / © Sirachai Arunrugstichai / Ocean Photographer of the Year
Indoneziýanyň Lamalera obasynyň awçysy kosatka naýza zyňmak üçin gaýykdan bökýär - bu 600 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýän howply awçylyk senedi.

 • “Tebigaty goramak: umyt” kategoriýasynyň finalçysy / © Leighton Lum / Ocean Photographer of the Year 
Gawaý monah düwleni özüniň bir hepdelik çagasy bilen Waýkikidäki Kaýmana kenarynda dynç alýar.

• “Şekillendiriş sungaty” kategoriýasynyň finalçysy / © Jon Kowitz / Ocean Photographer of the Year
Bäş sany menekli bürgüt-skat suwuň çägeli düýbüne golaý ýüzüp barýar.

• “Tebigaty goramak: täsir” kategoriýasynyň finalçysy / © Eduardo Santana de Vega / Ocean Photographer of the Year 
Osminog Angliýanyň kenarynda oljadan maza almak üçin omarly duzaga girýär.


• “Tebigaty goramak: umyt” kategoriýasynyň finalçysy / © Thomas Pavy / Ocean Photographer of the Year 
Fransuz Polineziýasynda tamataroa akulasyny surat arkaly anyklamak prosesi.

 • “Tebigaty goramak: täsir” kategoriýasynyň finalçysy / © Jingyi Zhang / Ocean Photographer of the Year
Hytaýdaky okeanariumyň düýbünde hereketsiz ýatan kosatka. Onuň  aşak sallanan arka ýüzgüji uzak wagtlap bendilikde saklanandygynyň netijesidir.

• “Başdangeçirmeler” kategoriýasynyň finalçysy / © Gergo Rugli / Ocean Photographer of the Year
Düwlenler Sidneýdäki Tamarama kenarýakasynda sýorfingçiler bilen birlikde tolkunlaryň arasynda ýüzýärler.

• “Görünmeýän umman: gizlin dünýäler” kategoriýasynyň finalçysy / © Andrea Michelutti / Ocean Photographer of the Year
Leňňeç merjen şahalarynyň arasynda işbillerini gizleýär.

Aýry-aýry kategoriýalaryň ýeňijileri, şeýle hem Ocean Photographer of the Year 2026-nyň baş ýeňijisi sentýabr aýynda yglan ediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.