futbol

Türkiýede eminleriň yzýany müňden gowrak futbolçy bukmeker goýumlary sebäpli futboldan çetleşdirildi
12.11.2025 08:51
14k+

Türkiýede eminleriň yzýany müňden gowrak futbolçy bukmeker goýumlary sebäpli futboldan çetleşdirildi

Türkiýäniň futbol federasiýasy (TFF) bikanun pul goýumlaryna gatnaşmakda güman edilmegi sebäpli 1024 oýunçynyň, şol sanda Superliganyň 27 futbolçysynyň wagtlaýyn futboldan çetleşdirilendigini habar berdi diýip, Anadolu agentligi belleýär
Madridiň “Atletikosy” täze maýadaryň gözegçiligine geçýär
12.11.2025 08:48
5.5k+

Madridiň “Atletikosy” täze maýadaryň gözegçiligine geçýär

Madridiň “Atletiko” futbol kluby paýnamalaryň gözegçilik bukjasynyň Apollo Sports Capital (ASC) maýa goýum kompaniýasyna satylandygyny habar berdi. Şertnamanyň çäklerinde Migel Anhel Hil we Enrike Sereso baş direktor we prezident hökmünde öz orunlaryny, şeýle-de paýdar statusyny saklap galar
Messi futbol taryhynda ilkinji bolup 400 assiste ýetdi
10.11.2025 18:28
7k+

Messi futbol taryhynda ilkinji bolup 400 assiste ýetdi

Lionel Messi taryhda 400 assist eden ilkinji futbolçy boldy. “Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi bu görkezijä ABŞ-nyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) pleý-offunyň 1/8 finalynyň “Neşwille” garşy üçünji oýnunda ýetdi
Gwardiola tälimçi karýerasynda 1000-nji oýnuny geçirer
08.11.2025 16:56
4.6k+

Gwardiola tälimçi karýerasynda 1000-nji oýnuny geçirer

“Mançester Sitiniň” baş tälimçisi Hosep Gwardiola halypa hökmünde 1000-nji oýnuny geçirer. Angliýanyň Premýer-ligasynyň 11-nji tapgyrynyň çäklerinde “Liwerpula” garşy oýun ispaniýaly hünärmen üçin şanly waka bolar
FIFA “The Best” baýraklaryna dalaşgärleri yglan etdi
07.11.2025 18:51
7.1k+

FIFA “The Best” baýraklaryna dalaşgärleri yglan etdi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2025-nji ýylyň jemi boýunça The Best baýraklaryna dalaşgärleirň sanawyny hödürledi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär. Ýylyň iň gowy oýunçysy üçin dalaş edýär:
Messi, Ronaldu we Ýamal FIFA-nyň simwoliki ýygyndysyna girmek üçin dalaşgärleriň sanawyna girdi
07.11.2025 18:46
8.4k+

Messi, Ronaldu we Ýamal FIFA-nyň simwoliki ýygyndysyna girmek üçin dalaşgärleriň sanawyna girdi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) ýylyň simwoliki ýygyndysyna girmek üçin dalaş edýän hüjümçileriň sanawyny hödürledi. Bu ýyllyk reýting klub we halkara ýaryşlarda özüni görkezen dünýäniň iň gowy oýunçylaryny bir ýere jemleýär
Lionel Messä amerikan şäheriniň açary gowşuryldy
06.11.2025 19:21
15k+

Lionel Messä amerikan şäheriniň açary gowşuryldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi Maýami şäheriniň simwoliki açaryny aldy. Oňa baýragy America Business Forum-daky çykyşyndan soň şäheriň häkimi Frensis Suares gowşurdy diýip, ESPN habar berýär. “Men siziň şäherimiz, ýurdumyz we tutuş futbol dünýäsi üçin bitiren işleriňiz üçin şu açary gowşurmak isleýärin
Holand üç dürli klub üçin yzygider bäş oýunda gol geçirip, Çempionlar ligasynyň taryhyna girdi
06.11.2025 18:56
5.8k+

Holand üç dürli klub üçin yzygider bäş oýunda gol geçirip, Çempionlar ligasynyň taryhyna girdi

“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand üç dürli klub üçin yzygider bäş oýunda gol geçiren ilkinji oýunçy hökmünde Çempionlar ligasynda rekord goýdy. Bu barada Squawka portaly X sosial ulgamynda habar berdi
Çempionlar ligasy: «Barselona» we «Brýugge» bir-birine 3 gol geçirdi, «Karabah» we «Çelsi» deňme-deň oýnady
06.11.2025 13:18
7.8k+

Çempionlar ligasy: «Barselona» we «Brýugge» bir-birine 3 gol geçirdi, «Karabah» we «Çelsi» deňme-deň oýnady

Penşenbe gününe geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary tamamlandy. Oýunlar birnäçe garaşylmadyk netijeleri getirdi. «Karabah» Bakuwda «Çelsi» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, öz utuklaryny 7-ä ýetirdi we pleý-off üçin hakyky dalaşgäriň birine öwrüldi
AFK-2 Çempionlar ligasynda «Arkadag» FK Kataryň «Al-Ahli» kluby bilen deňme-deň oýnady
06.11.2025 11:32
7.4k+

AFK-2 Çempionlar ligasynda «Arkadag» FK Kataryň «Al-Ahli» kluby bilen deňme-deň oýnady

Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň 4-nji tapgyrynda Kataryň «Al-Ahli» topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Oýun çarşenbe güni Arkadag şäherindäki stadionda geçirildi
Patyşa Karl III Dewid Bekheme rysarlyk derejesini berdi
06.11.2025 11:02
8.2k+

Patyşa Karl III Dewid Bekheme rysarlyk derejesini berdi

Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Dewid Bekheme futbolyň we britan jemgyýetiniň öňünde bitiren hyzmatlary üçin rysarlyk derejesini berdi. Dabara 4-nji noýabrda Berkşir graflygyndaky Windzor galasynda geçirildi diýip, BBC mediakorporasiýasy habar berdi
Futbolçylar FIFPro-nyň wersiýasy boýunça 2025-nji ýylyň iň gowy ýygyndy toparyny saýladylar
06.11.2025 10:52
5.4k+

Futbolçylar FIFPro-nyň wersiýasy boýunça 2025-nji ýylyň iň gowy ýygyndy toparyny saýladylar

Professional futbolçylar birleşmesiniň Halkara federasiýasy (FIFPro) 2025-nji ýylyň iň gowy ýygyndy toparynyň düzümini yglan etdi. Topar 68 ýurtdan 26 müňden gowrak futbolçynyň ses bermegi esasynda kesgitlenildi
Çempionlar ligasy: «Liwerpul» «Realy» utdy, «Bawariýa» on bolup "PSŽ-den" üstün çykdy
05.11.2025 10:48
8.8k+

Çempionlar ligasy: «Liwerpul» «Realy» utdy, «Bawariýa» on bolup "PSŽ-den" üstün çykdy

UEFA-nyň Çempionlar Ligasynda dördünji tapgyryň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Gije futbol janköýerlerini iki uly duele tomaşa edip bildiler. «Liwеrрul» – «Real» 1:0 «Enfild» stadionynda geçirilen duşuşykda «Liwеrpul» ýeňiş gazandy
"Ahal" AFK-2 Çempionlar Ligasynda soňky sekuntlarda "Sepahandan" ýeňşi elden gidirdi
05.11.2025 06:49
7.9k+

"Ahal" AFK-2 Çempionlar Ligasynda soňky sekuntlarda "Sepahandan" ýeňşi elden gidirdi

4-nji noýabrda AFK-2 Çempionlar Ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň dördünji tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistandan  "Ahal" futbol topary Eýranyň "Sepahan" toparyna garşy myhmançylykda duşuşyk geçirdi. Oýun Yspyhan şäheriniň "Nagyş-e-Jahan" stadionynda geçirilip, deňme-deňlikde — 2:2 hasabynda tamamlandy
Gazagystan 2028-nji we 2029-njy ýyllarda Konferensiýa ligasynyň finallaryny geçirmäge dalaş edýär
03.11.2025 17:06
3.5k+

Gazagystan 2028-nji we 2029-njy ýyllarda Konferensiýa ligasynyň finallaryny geçirmäge dalaş edýär

Gazagystan 2028-nji we 2029-njy ýyllarda Ýewropada üçünji uly klub ýaryşy bolan Konferensiýa ligasynyň finallaryny geçirmek üçin arza berdi. Olaryň geçirilip bilinjek ýerleri hökmünde Astanadaky we Almaatadaky stadionlar görkezildi
Türkiýede bukmeker goýumlary üçin 149 emin futboldan çetleşdirildi
03.11.2025 17:02
5.3k+

Türkiýede bukmeker goýumlary üçin 149 emin futboldan çetleşdirildi

Türkiýäniň futbol federasiýasynyň (TFF) Tertip-düzgün geňeşi oýunlara pul goýmakda aýyplanýan 149 emini bu işden wagtlaýyn çetleşdirmek kararyna geldi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär. Çetleşdirmek möhleti 8 aýdan 12 aýa barabar
Saud Arabystany Messiniň gysga wagtlyk transferini ret etdi
02.11.2025 23:37
10k+

Saud Arabystany Messiniň gysga wagtlyk transferini ret etdi

Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyndan öň Saud Arabystanynda birnäçe aý bolup bilerdi, ýöne ýurduň häkimiýetleri şeýle teklipden ýüz öwürdi. AFP-niň habar bermegine görä, Mahd akademiýasynyň baş direktory Abdulla Hammad bu barada Thmanyah podkastyna beren interwýusynda aýtdy
PSŽ geçen möwsümde rekord – 837 mln ýewro gazandy
02.11.2025 19:44
3.8k+

PSŽ geçen möwsümde rekord – 837 mln ýewro gazandy

“Pari Sen-Žermen” futbol kluby geçen möwsüm boýunça 837 million ýewro girdeji gazandy. Bu maglumat klubuň çap eden maliýe hasabatynda görkezilýär. Bu görkeziji klub üçin rekord hasaplanýar. Gurama erkekler we aýallar futbol toparlaryny, şeýle-de gandbol, dzýudo we kibersport ugurlaryny öz içine alýar
“Real” Superliganyň başa barmandygy üçin UEFA-dan öwez tölegini talap eder
01.11.2025 15:33
6.9k+

“Real” Superliganyň başa barmandygy üçin UEFA-dan öwez tölegini talap eder

Başa barmadyk futbol Superligasynyň taslamasyny esaslandyryjy klublaryň biri bolan Madridiň “Realy” Madridiň welaýat kazyýetiniň UEFA-nyň täze ýaryşy geçirmek bilen bagly şikaýat arzasyny ret edendigini habar berdi
«Altyn Asyr» «Al-Şababdan» ýeňlip, AFK Çagyryş Ligasynda çykyşyny tamamlady
01.11.2025 09:19
6.4k+

«Altyn Asyr» «Al-Şababdan» ýeňlip, AFK Çagyryş Ligasynda çykyşyny tamamlady

Türkmenistanyň «Altyn Asyr» futbol kluby toparlaýyn tapgyryň üçünji duşuşygynda Omanyň «Al-Şabab» toparyndan 1:3 hasabynda ýeňlip, AFK Çagyryş Ligasynda çykyşyny tamamlady. Duşuşyk Butanda geçirildi. Türkmen toparynyň düzüminde ýeke-täk goly 29-njy minutda Zafar Babajanow kelle urgusy bilen geçirdi
IFAB oýny çaltlaşdyrmak üçin futbolçylar üçin uzak autlaryň wagtyny çäklendirmegi meýilleşdirýär
31.10.2025 22:29
5.8k+

IFAB oýny çaltlaşdyrmak üçin futbolçylar üçin uzak autlaryň wagtyny çäklendirmegi meýilleşdirýär

Futbol ýolbaşçylaryny oýunçylaryň doly taýýarlyk bilen autdan topy uzaga zyňmak trendi biynjalyk edýär. Çünki, bu öňdebaryjy çempionatlaryň oýunlarynda “arassa” oýun wagtyna täsir edýär – ol uzak dowam edýän pauzalar sebäpli ep-esli azalýar
Fransiýa futbolçylaryň eksportyndan gazanylan girdeji boýunça Braziliýadan öňe geçdi
31.10.2025 22:12
5.1k+

Fransiýa futbolçylaryň eksportyndan gazanylan girdeji boýunça Braziliýadan öňe geçdi

Soňky on ýylda fransuz futbol klublary oýunçylaryň daşary ýurtlara transferinden tas 4 mlrd ýewro gazandy. Şeýle maglumatlary Halkara futbol federasiýasynyň hyzmatdaşy CIES Football Observatory hödürleýär. CIES 2016-njy ýyldan başlap, soňky on ýylda transferlerden gelen girdejiler boýunça futbol çempionatlarynyň reýtingini düzdi
Spalletti “Ýuwentusyň” baş tälimçisi wezipesinde Igor Tudory çalyşdy
31.10.2025 15:34
4.6k+

Spalletti “Ýuwentusyň” baş tälimçisi wezipesinde Igor Tudory çalyşdy

Italiýanyň “Ýuwentus” futbol kluby Luçano Spallettiniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini mälim etdi. Şertnama şu möwsümiň ahyryna çenli hereket eder. Ozal žurnalist Nikolo Skira Spallettiniň zähmet hakynyň ýylda 3 mln ýewro boljakdygyny habar berdi
Saud Arabystanynda gökdirän binanyň ýokarsynda stadion gurlar
30.10.2025 15:16
16k+

Saud Arabystanynda gökdirän binanyň ýokarsynda stadion gurlar

Gökdirän binanyň depesinde futbol stadionyny göz öňüne getirip bilersiňizmi?! Eger ýok bolsa, Saud Arabystany ony size hakykatda görkezip biler – patyşalykda nobatdaky NEOM Sky Stadium mega-taslamasy hödürlendi
Argentinanyň Merkezi banky Maradonanyň geçiren «asyryň goluna» bagyşlap şaýy puluny çykardy
30.10.2025 10:43
4.8k+

Argentinanyň Merkezi banky Maradonanyň geçiren «asyryň goluna» bagyşlap şaýy puluny çykardy

Argentinanyň Merkezi banky «asyryň goluna» – Maradonanyň geçiren meşhur goluna bagyşlanan ýörite şaýy puluny çykardy. Bu şaýy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna gabatlanyp taýýarlanyldy. Şol çempionata Argentina ýaryşyň häzirki çempiony hökmünde gatnaşar
«Altyn Asyr» «Paro» klubuny utup, AFK Çagyryş Ligasynda «A» toparyň başyna geçdi
28.10.2025 19:56
12k+

«Altyn Asyr» «Paro» klubuny utup, AFK Çagyryş Ligasynda «A» toparyň başyna geçdi

28-nji oktýabrda, sişenbe güni Türkmenistanyň «Altyn Asyr» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş Ligasyndaky toparlaýyn tapgyryň ikinji duşuşygynda Butanyň «Paro» klubuny 3:1 hasabynda utdy. Ýaryşyň Günbatar zolagynyň "A" toparynyň ähli duşuşyklary merkezleşdirilen formatda Butanyň paýtagty Thimphuda geçirilýär
Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda oýnamak isleýändigini aýtdy
28.10.2025 18:56
11k+

Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda oýnamak isleýändigini aýtdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýyldyzy Lionel Messi 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak isleýändigini aýtdy. Bu barada futbolçy NBC telekanalyna beren interwýusynda gürrüň berdi
«Arkadag» FK bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony boldy
27.10.2025 12:10
7.8k+

«Arkadag» FK bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony boldy

«Arkadag» futbol kluby bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy. Çempionatyň nobatdaky tapgyrynda Aşgabatda geçirilen duşuşykda “Arkadag” “Ahal” toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy
"Real" soňky bir ýarym ýylda ilkinji gezek "Barselonadan" üstün çykdy
27.10.2025 09:55
13k+

"Real" soňky bir ýarym ýylda ilkinji gezek "Barselonadan" üstün çykdy

Madridiň «Realy» Ispaniýanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynda öz meýdançasynda «Barselonany» 2:1 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşyk futbol taryhynda 262-nji «El-klasiko» boldy. Duşuşygyň eýýäm 2-nji minutynda katalonlylaryň derwezesine penalti bellenildi, emma soňra bu karar ýatyryldy
Lionel Messi “Altyn butsy” aldy we MLS-de gol boýunça rekord goýdy
26.10.2025 18:26
9.9k+

Lionel Messi “Altyn butsy” aldy we MLS-de gol boýunça rekord goýdy

“Inter Maýaminiň” hüjümçisi Lionel Messi MLS-iň yzygiderli möwsüminiň iň gowy bombardiri hökmünde “Altyn butsy” aldy. 38 ýaşly argentinaly oýunça baýrak pleý-offuň 1/8 finalynyň “Neşwill” bilen oýnundan öň gowşuryldy
“Barselona” Uber bilen hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşdy
26.10.2025 18:23
6.3k+

“Barselona” Uber bilen hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşdy

“Barselona” futbol kluby taksi gözlemek we sargyt etmek boýunça Uber hyzmaty bilen hyzmatdaşlygyň başlandygyny habar berdi. Şertnama 2027-nji ýyla çenli hereket eder we Mundo Deportivo neşiriniň maglumatlaryna görä, kluba ýylda, takmynan, 1 mln ýewro getirer
«Bawariýa» «Milanyň» 33 ýyl mundan ozal goýan rekordyny gaýtalady
26.10.2025 10:46
9.4k+

«Bawariýa» «Milanyň» 33 ýyl mundan ozal goýan rekordyny gaýtalady

Mýunheniň «Bawariýasy» möwsümiň başynda dünýäniň öňdebaryjy klublary üçin geň galdyryjy netijeleri görkezýär. Wensan Kompaniniň ýolbaşçylyk edýän topary Bundesliganyň 9-njy tapgyrynda Mýunhengladbahyň «Borussiýasyny» 3:0 hasabynda utdy we şeýlelikde «Milanyň» 1992/93 möwsüminde goýan rekordyny gaýtalady
SportsPro 2025-nji ýylyň iň köp gyzyklanma bildirilýän türgenleriniň reýtingini hödürledi
26.10.2025 09:40
5k+

SportsPro 2025-nji ýylyň iň köp gyzyklanma bildirilýän türgenleriniň reýtingini hödürledi

SportsPro žurnaly 2025-nji ýylyň iň köp isleg bildirilýän türgenleriniň reýtingini hödürledi. Sanawy düzüjiler isleg görkezijisini üç ölçeg: şahsy brendiň güýji, ykdysady mümkinçilikler we elýeterli bazar gurşawy, ýagny öz sport görnüşinde gazanç mümkinçiligi boýunça hasaplady
“Altyn Asyr” AFK-nyň Çagyryş ligasynda “Abdyş-Atany” utdy
25.10.2025 17:52
7.3k+

“Altyn Asyr” AFK-nyň Çagyryş ligasynda “Abdyş-Atany” utdy

“Altyn Asyr” futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparlaýyn tapgyryna şowly başlady. Ol ilkinji oýunda “Abdyş-Ata” gyrgyz klubuny 1:0 hasabynda utdy. Oýun 25-nji oktýabrda geçirildi. Oýunda ýeke-täk goly 58-nji minutda Myrat Annaýew geçirdi
2025-nji ýylyň dördünji “El-Klasikosy”: bu gezek üstünlik kimiň tarapynda bolar
25.10.2025 17:29
11k+

2025-nji ýylyň dördünji “El-Klasikosy”: bu gezek üstünlik kimiň tarapynda bolar

Ýekşenbe güni agşam La Ligada güýzüň esasy oýny – Madridiň “Realy” bilen “Barselonanyň” arasynda nobatdaky “El-Klasiko” bolar. Toparlar diňe bir üç utuk gazanmak däl, eýsem biri-birinden ýene bir basgançak ýokary bolmak ugrunda bäsleşer
Ýewropa ligasynda we Konferensiýa ligasynda tapgyryň jemi: iň ýokary netijäni gazanan toparlar
24.10.2025 16:25
7.5k+

Ýewropa ligasynda we Konferensiýa ligasynda tapgyryň jemi: iň ýokary netijäni gazanan toparlar

2025/2026 möwsüminiň Ýewropa ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň üçünji oýunlary tamamlandy. Üç oýundan soň iň ýokary 9 utugy üç topar gazandy: «Midtýulland» (Daniýa), «Braga» (Portugaliýa) we «Lion» (Fransiýa). Tapgyryň esasy garaşylmadyk wakasy Italiýanyň «Roma» klubunyň ýeňlişi boldy
Messi “Inter Maýami” bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltdy
24.10.2025 16:07
7.2k+

Messi “Inter Maýami” bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltdy

MLS-iň “Inter Maýami” kluby 38 ýaşly argentinaly hüjümçi Lionel Messi bilen şertnamanyň uzaldylandygyny habar berdi. X sosial ulgamynda klub wideo hödürledi. Onda Messi “Inter Maýaminiň” täze öý meýdançasy boljak gurulýan stadionda täze şertnama gol çekýär
Türkmenistanda iň çalt gol hasaba alyndy. Ol 4-nji sekuntda geçirildi
24.10.2025 10:48
10k+

Türkmenistanda iň çalt gol hasaba alyndy. Ol 4-nji sekuntda geçirildi

Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 22-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygynda Türkmenistanda iň çalt gol hasaba alyndy. «Şagadamyň» ýaşlar düzümi bilen geçirilen duşuşykda «Merw II» toparyndan Muhammet Allaberdiýew duşuşygyň 1-nji minutynda topy meýdanyň orta gürpünden derwezä depip, toparyny öňe saýlady
“Bawariýa” baş tälimçi Wensan Kompani bilen şertnamany 2029-njy ýyla çenli uzaltdy
23.10.2025 18:03
4.5k+

“Bawariýa” baş tälimçi Wensan Kompani bilen şertnamany 2029-njy ýyla çenli uzaltdy

Mýunheniň “Bawariýa” futbol kluby baş tälimçi Wensan Kompani bilen şertnamany 2029-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli uzaltdy. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berdi. “Men hoşal we klubda ilkinji günümden bäri bildiren ynamy üçin “Bawariýa” minnetdarlyk bildirmek isleýärin
Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyry gollaryň sanyny rekord 71 gola ýetirdi
23.10.2025 16:12
7.8k+

Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyry gollaryň sanyny rekord 71 gola ýetirdi

UEFA-nyň Çempionlar ligasy-2025/26-nyň üçünji tapgyrynyň ikinji oýun güni aýratyn boldy – ol geçenki oýunlarda geçirilen gollaryň üstüni ýetirip, rekord 71 gol getirdi. Çarşenbe güni uly netije görkezen toparlar “Çelsi”, “Liwerpul” we “Bawariýa” boldy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.