Ýerli

Türkmanistanyň biržasynda geçen hepdede geleşikleriň jemi bahasy 3,7 million dollar boldy
04.08.2025 14:41
1.9k+

Türkmanistanyň biržasynda geçen hepdede geleşikleriň jemi bahasy 3,7 million dollar boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 709 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 11-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Özbegistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gazbeton bloklaryny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar
Eswatininiň Patyşasy Mswati III Türkmenistana geldi
04.08.2025 14:20
17k+

Eswatininiň Patyşasy Mswati III Türkmenistana geldi

Eswatininiň Patyşasy Mswati III BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi hbar berýär
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (04.08 - 10.08)
04.08.2025 09:31
10k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (04.08 - 10.08)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenbaşy şäherine geldi
04.08.2025 00:33
14k+

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenbaşy şäherine geldi

3-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi
Awazada BMG-niň üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy
03.08.2025 23:59
11k+

Awazada BMG-niň üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy

Şu gün, 3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan  döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi
Türkmenistan we UNEP Aşgabatda Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek meselesini maslahatlaşdy
03.08.2025 23:29
2.4k+

Türkmenistan we UNEP Aşgabatda Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek meselesini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen onlaýn duşuşygy geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi
Awazada LLDC 3 maslahatynda BMG-niň 2034-nji ýyla çenli hereketleriniň Maksatnamasy maslahatlaşylar
03.08.2025 23:19
6.4k+

Awazada LLDC 3 maslahatynda BMG-niň 2034-nji ýyla çenli hereketleriniň Maksatnamasy maslahatlaşylar

Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynda (LLDC 3) "2034-nji ýyla çenli BMG-niň Hereketleriniň Maksatnamasyna" aýratyn ähmiýet berler. Bu maksatnama BMG
Antoniu Guterreş BMG-niň forumyna gatnaşmak üçin Awaza geler
03.08.2025 14:10
5.7k+

Antoniu Guterreş BMG-niň forumyna gatnaşmak üçin Awaza geler

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada BMG-niň resmi habarlar saýtynda habar berildi
Türkmenbaşy Halkara howa menzili BMG-niň foruma gelýän sargyt gatnawlaryny kabul edýär
03.08.2025 14:04
6.3k+

Türkmenbaşy Halkara howa menzili BMG-niň foruma gelýän sargyt gatnawlaryny kabul edýär

30-nji iýuldan başlap "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşjak wekiliýet agzalary we myhmanlar Türkmenbaşy Halkara howa menziline sargyt gatnawlary esasynda gelip başladylar
Nepalyň Premýer-ministri Awazadaky foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana geler
03.08.2025 13:58
5.5k+

Nepalyň Premýer-ministri Awazadaky foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana geler

3-nji awgustda Nepalyň Premýer-ministri Şarma Oli Türkmenistana sapar bilen geler. Ol Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşjak nepal wekiliýetine ýolbaşçylyk eder
Aşgabatda 1-nji awgustdan 100-nji we 45-nji awtobuslaryň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgediler
02.08.2025 19:17
15k+

Aşgabatda 1-nji awgustdan 100-nji we 45-nji awtobuslaryň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgediler

1-nji awgustdan Köpetdag şaýolunyň ugrunda bejeriş işleri geçirilýändigi sebäpli, 100-nji «Teke bazar — Arkadag şäheri» awtobus ugry we 45-nji «Teke bazar — Gökdere» awtobus ugry üýtgediler. Bu barada Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy habar berýär
Minskde Türkmenistanyň we Kataryň diplomatlarynyň duşuşygy geçirildi
02.08.2025 19:13
6.1k+

Minskde Türkmenistanyň we Kataryň diplomatlarynyň duşuşygy geçirildi

Minsk şäherinde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynda ilçi Nazarguly Şagulýew bilen Kataryň ynanylan wekili Hamud Saleh Mohsen Nasser Al-Saadiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 28 desgany satmak boýunça bäsleşikli söwda geçirer
02.08.2025 19:06
22k+

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 28 desgany satmak boýunça bäsleşikli söwda geçirer

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 28 desgany satmak boýunça bäsleşikli söwdanyň geçirilýändigini yglan etdi. Hususylaşdyrmaga degişli döwlet emläkleriniň sanawy anna güni “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edildi
Awazada BMG-niň maslahatynyň çäklerinde milli tagamlaryň festiwaly geçiriler
02.08.2025 19:02
13k+

Awazada BMG-niň maslahatynyň çäklerinde milli tagamlaryň festiwaly geçiriler

5-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde milli tagamlaryň festiwaly geçiriler. "Türkmenistan" gazetinde habar berlişi ýaly, şu günler bu festiwala gatnaşjak aşpezler dost-doganlyk ýurtlardan Awaza gelip başladylar
Türkmenistan BMG-niň Awazadaky maslahatynyň ilkinji gatnaşyjylaryny kabul edip başlady
02.08.2025 18:30
14k+

Türkmenistan BMG-niň Awazadaky maslahatynyň ilkinji gatnaşyjylaryny kabul edip başlady

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatyna gatnaşyjylary we beýleki myhmanlary kabul edýär. Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde foruma gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy milli däplerine laýyklykda garşylanylýar
Ženewada Türkmenistanyň we Mawritaniýanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi
02.08.2025 18:16
6.3k+

Ženewada Türkmenistanyň we Mawritaniýanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

30-njy iýulda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, ilçi Wepa Hajiýew Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-mawritan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri, halkara guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmen taekwandoçysy Alyhan Maksadow Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy
02.08.2025 18:12
5.4k+

Türkmen taekwandoçysy Alyhan Maksadow Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy

23-29-njy iýul aralygynda Malaýziýada Kuçing şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda taekwondo boýunça Aziýa çempionaty geçirildi, onda 44 ýurduň türgenleri gatnaşdylar. Bu ýaryşda türkmen türgeni Alyhan Maksadow 33 kg-a çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy
Mary we Lebap welaýatlarynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler
02.08.2025 18:07
12k+

Mary we Lebap welaýatlarynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Mary we Lebap welaýatlarynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresiniň geçiriljekdigi barada habar berdi. 4-nji awgustda iş orunlarynyň ýarmarkasy Mary etrabynda (Mary welaýaty) geçiriler
2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howa gözegçilikleriniň taryhynda dördünji iň yssy aý boldy
02.08.2025 17:26
10k+

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howa gözegçilikleriniň taryhynda dördünji iň yssy aý boldy

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokary galmagy boýunça dördünji aý hökmünde hasaba alyndy — bu bolsa 1891-nji ýyldan bäri alnyp barylýan meteorologik gözegçilikleriň taryhynda rekord görkeziji boldy
Tailandyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar
02.08.2025 16:39
1.6k+

Tailandyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

31-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Tailand Patyşalygynyň ýurdumyzdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan ilçisi Apirat Sugondhabhir bilen duşuşdy. Ilçi diplomatik işini Ankara şäherinde oturýan ýerinden alyp barýardy
Gazagystanyň Prezidenti Awazadaky maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geler
02.08.2025 16:33
7.8k+

Gazagystanyň Prezidenti Awazadaky maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geler

5-nji awgustda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana iş sapary bilen geler. Bu barada gazak Lideriniň metbugat gullugy habar berýär. Bellenilişi ýaly, Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşar
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde resminamalary kabul etmek işi dowam edýär
02.08.2025 15:46
6.1k+

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde resminamalary kabul etmek işi dowam edýär

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: Buhgalterçilik hasaba alnyşy. Maliýe we karz. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş. Salgytlar we salgyt salmak
Awazada BMG-niň maslahatynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri maslahatlaşylar
01.08.2025 18:00
6.2k+

Awazada BMG-niň maslahatynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri maslahatlaşylar

4 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynda ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek meselelerine garalar
Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýanyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady
01.08.2025 10:48
5.8k+

Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýanyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zuttere ýurduň milli baýramy — Konfederasiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany ýakymly
Awazada geçiriljek BMG-niň maslahatynda dünýä derejesinde durmuş ugurly meselelere garalar
31.07.2025 21:56
13k+

Awazada geçiriljek BMG-niň maslahatynda dünýä derejesinde durmuş ugurly meselelere garalar

Ilaty 570 milliondan geçýän, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar geografik ýerleşişi boýunça umumy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu meseleler olaryň beýleki ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsirini ýetirýär
Raşid Meredow Seýşelleriň daşary işler ministri bilen Awazadaky foruma taýýarlygy maslahatlaşdy
31.07.2025 20:08
3.3k+

Raşid Meredow Seýşelleriň daşary işler ministri bilen Awazadaky foruma taýýarlygy maslahatlaşdy

Şu gün, 31-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we syýahatçylyk ministri Silwester Radegond bilen telefon arkaly söhbetdeş geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garadylar
11-nji awgustdan Türkmenbaşy halkara howa menziline gatnawlar ýerine ýetirilip başlanar
31.07.2025 20:00
13k+

11-nji awgustdan Türkmenbaşy halkara howa menziline gatnawlar ýerine ýetirilip başlanar

"Türkmenistan" awiakompaniýasy içerki howa gatnawlarynyň täzelenen tertibini çykardy. Täze tertibe laýyklykda, 2025-nji ýylyň 11-nji awgustyndan başlap Aşgabat – Türkmenbaşy we Türkmenbaşy – Aşgabat ugurlary boýunça uçar gatnawlary täzeden başlanar
Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi talyplyga kabul edýär
31.07.2025 18:38
5.3k+

Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi talyplyga kabul edýär

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy
Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde resmi iş kagyzlaryny kabul etmeklik dowam edýär
31.07.2025 11:15
7.4k+

Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde resmi iş kagyzlaryny kabul etmeklik dowam edýär

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul etmek işiniň dowam edýändigini habar berýär: Elektrik beketler, torlar we ulgamlar
Arkadag şäherinde täze şaýoly we döwrebap köpri açyldy
31.07.2025 08:45
15k+

Arkadag şäherinde täze şaýoly we döwrebap köpri açyldy

30-njy iýulda Arkadag şäherinde täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy boldy. Durky düýpli täzelenen Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köpriniň açylyş dabarasy belent ruha beslenen aýdym-sazlar bilen başlandy
Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
31.07.2025 08:40
10k+

Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

30-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy
Döwrebaplaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara howa menzili işe girizildi
31.07.2025 08:30
13k+

Döwrebaplaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara howa menzili işe girizildi

30-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary döwrebaplaşdyrylan howa menziliniň döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen işe girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar
Türkmenistanda giriş synaglary başlandy
30.07.2025 19:00
11k+

Türkmenistanda giriş synaglary başlandy

Şu gün, 30-njy iýulda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary badalga aldy. Okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirilýär
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebine talyplyga kabul edilişik dowam edýär
30.07.2025 15:05
6.4k+

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebine talyplyga kabul edilişik dowam edýär

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi aşakdaky hünärler boýunça talyp bolmaga çagyrýar: Okuwyň möhleti – 2 ýyl: Myhmanhana hyzmatlary Syýahatçylyk hyzmatlary Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş
Osakada EXPO-2025 sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyna baryp görenleriň sany bir milliona ýetdi
30.07.2025 15:00
7.4k+

Osakada EXPO-2025 sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyna baryp görenleriň sany bir milliona ýetdi

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde dowam edýän EXPO‑2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyna baryp gören myhmanlaryň sany bir milliondan geçdi. Bu barada serginiň guramaçylary habar berdi. Millionynjy myhman sergi döwrüniň ortalarynda bellige alyndy
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde Balkan welaýatyndan Ýunus Aşyrdurdyýew we Öwezmyrat Ataýew wekilçilik eder
30.07.2025 14:56
9.1k+

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde Balkan welaýatyndan Ýunus Aşyrdurdyýew we Öwezmyrat Ataýew wekilçilik eder

Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi
Türkmenistanly ýaş küştçüler Merkezi Aziýanyň çempionatynda 6 medal gazandylar
30.07.2025 13:43
3.6k+

Türkmenistanly ýaş küştçüler Merkezi Aziýanyň çempionatynda 6 medal gazandylar

Türkmenistanly ýaş küştçüler 20-29-njy iýul aralygynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen wagta klassiki gözegçilik ulgamy boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler.  Türkmenistanyň toparyna 15 küştçi wekilçilik etdi
“Bedew Elektronika” ýörite aksiýa başlatdy: hojalyk tehnikalaryny 5 manatdan alyp bolýar
30.07.2025 11:34
175k+

“Bedew Elektronika” ýörite aksiýa başlatdy: hojalyk tehnikalaryny 5 manatdan alyp bolýar

Dürli brendleriň hojalyk tehnikalaryny hödürleýän “Bedew Elektronika” dükany ýörite aksiýa başlatdy. Dükandan 500 manatlyk söwda eden her bir müşderi kiçi hojalyk tehnikalarynyň islendigini 5 manatdan alyp bilýär
Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri öňde boljak bilelikdäki çäreleri maslahatlaşdylar
29.07.2025 13:36
7k+

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri öňde boljak bilelikdäki çäreleri maslahatlaşdylar

28-nji iýulda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Özbegistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy berkitmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek hem-de öňde boljak sebit we halkara çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Pekiniň uniwersitetinde tejribelik geçdiler
29.07.2025 13:28
7.7k+

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Pekiniň uniwersitetinde tejribelik geçdiler

14–28-nji iýul aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Hytaýyň däp bolan lukmançylygy boýunça Pekin uniwersitetinde önümçilik tejribeligini geçdiler. Hytaý tarapy geljekki türkmen lukmanlary üçin baý okuw we medeni maksatnamany taýýarlady
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.