Ženewada Türkmenistanyň we Mawritaniýanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

02.08.2025, 18:166,318

30-njy iýulda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, ilçi Wepa Hajiýew Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-mawritan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri, halkara guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşlikde Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) aýratyn üns berildi.

Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, şeýle-de ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem sebit we sebitara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.