Türkmanistanyň biržasynda geçen hepdede geleşikleriň jemi bahasy 3,7 million dollar boldy

04.08.2025, 09:411,869

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 709 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Özbegistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gazbeton bloklaryny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. 
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçilerine nah ýüplük, pagta lintini, jinsi önümleriniň giň görnüşleri ýerlenildi.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 6 million 318 müň manatlyk polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem nah ýüplügi we tüýjümek önümleri satyn aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.