Türkmenistanda «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky döredildi

10.07.2021, 01:5710,109

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky guramaçylyk-hukuk görnüşi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankyna öwrüler.

Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Resminama laýyklykda, «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankyny esaslandyryjylar hökmünde Maliýe we ykdysadyýet ministrligine – esaslyk maýadaky paýy 99 göterim hem-de Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna – esaslyk maýadaky paýy 1 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.