Amerikaly Dressel Olimpiýa oýunlarynda dördünji altyn medalyny gazandy

02.08.2021, 03:542,970

Amerikaly Kaleb Dressel 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Dressel bu aralygy 21,07 sekuntda geçip, täze Olimpiýa rekordyny goýdy. Ikinji orny fransiýaly Floran Manodu (+0,48), üçünji orny braziliýaly Bruno Fratus (+0,50) eýeledi.

Mundan öň 24 ýaşly türgen 100 metr aralyga erkin usulda, 100 metr aralyga batterflýaý usulynda, şeýle-de 4x100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça estafeta toparynyň düzüminde altyn medallara mynasyp boldy. Dresseliň hasabynda 2016-njy ýyldaky Olimpiadanyň iki altyn medaly we dünýä çempionatlarynda 13 ýeňşi bar. 
Manodu 30 ýaşynda, ol 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde 2012-nji ýylyň Olimpiýa çempionydyr. Tokioda alan kümüş medaly türgen üçin Olimpiýa oýunlarynda üçünji boldy. 32 ýaşly Fratus Olimpiýa oýunlarynda ilkinji medalyny gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.