Çimaýew göreşiň eýýäm 1-nji tapgyrynda Taýron Wudliniň ýagyrnysyny ýere degirdi

Düýn, 14:317,311
1 / 3

Moskwa oblastynyň Mytişi şäherinde Real American Freestyle (RAF) ligasynyň howandarlygynda erkin göreş boýunça ýaryş geçirildi. Onuň esasy tutluşygynda bolsa UFC-niň öňki çempionlary — BAE-niň adyndan çykyş edýän Hamzat Çimaýew we ABŞ-nyň wekili Taýron Wudli duşuşdy.

Tutluşyk aralyk agram derejesinde geçip, eýýäm birinji tapgyrda Çimaýewiň ýeňşi bilen tamamlandy. Hamzat dessine başlangyjy öz eline aldy: ilki ol 44 ýaşly amerikalyny iki gezek halynyň daşyna itekläp, ilkinji utuklaryny toplady. 

Birinji tapgyryň tamamlanmagyna 26 sekunt galanda bolsa garşydaşynyň ýagyrnysyny ýere degirdi hem-de arassa tuşe bilen ýeňiş gazandy.

32 ýaşly Çimaýew üçin bu üstünlik RAF ligasynda eýýäm ikinji ýeňiş boldy — 2026-njy ýylyň iýun aýynda ol Dillon Denisi ýeňipdi.

Tutluşyk tamamlanan badyna Çimaýew 2025-nji ýylyň mart aýynda aradan çykan erkin göreş boýunça Olimpiýa çempiony Buwaýsar Saýtiýewiň suraty bolan köýnekçäni geýip, öz ýeňşini oňa bagyşlady:

— Ol rowaýat, dünýäniň ähli künjegindäki pälwanlar ony gowy görýär hem-de sarpa goýýar. Ol indi biziň aramyzda ýok, ýöne biziň ýüregimizde. Men bu ýeňşi oňa bagyşlaýan.

Saýtiýew üç gezek Olimpiýa, alty gezek dünýä çempiony, alty gezek Ýewropa çempiony we Russiýanyň dört gezek çempiony bolupdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.