Sehudo RAF tituly ugrundaky göreşde Dwalişwilini 36 sekuntda ýeňdi

Düýn, 20:562,397

UFC-niň öňki çempiony, amerikaly Genri Sehudo erkin göreş boýunça geçirilen Real American Freestyle (RAF) 12 ýaryşynda gruziýaly Merab Dwalişwiliden üstün çykyp, öňki ýeňlişi üçin aryny aldy.

RAF-yň ýeňil agramdaky çempionlyk duşuşygy ABŞ-nyň Kliwlend şäherinde geçirildi. Oňa dürli söweş sungatlarynyň wekilleri gatnaşdy.

39 ýaşly Sehudo garşydaşyny basyp saklamak usuly bilen tutluşygy eýýäm 36-njy sekuntda öz peýdasyna tamamlady.

Olaryň arasyndaky öňki duşuşyk iýul aýynda Tbiliside (Gruziýa) geçirilipdi. Şol duşuşykda ilki utulyp ugran gruzin göreşijisi ahyrynda ýeňiş gazanmagy başarypdy.

Türgenleriň ikisi oktagonda-da ýüzleşip görüpdiler. 2024-nji ýylyň oktýabrynda UFC 298 ýaryşynda Dwalişwili eminleriň biragyzdan ses bermegi esasynda Sehudodan üstün çykypdy.

Sehudonyň hasabynda garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça geçirilen 22 duşuşykda 16 ýeňiş we 6 ýeňliş bar. Ol UFC-niň iň ýeňil hem-de ýeňil agram derejelerinde çempion bolup görüpdi. 35 ýaşly Dwalişwiliniň bolsa MMA-da 21 ýeňşi we 5 ýeňlişi bar. Merab hem öz gezeginde UFC-de ýeňil agram derejesinde çempion bolupdy.

Dwalişwili 24-nji oktýabrda Abu-Dabide geçiriljek duşuşykda UFC-niň ýeňil agram derejesindäki çempionlyk guşagy ugrunda Pýotr Ýan bilen duşuşar. Ýan dekabr aýynda eminleriň çözgüdi bilen gruziýaly göreşijini guşakdan mahrum edipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.