Türkmen söweşijileri Abdulla Babaýew we Eziz Penjiýew nobatdaky tutluşyga taýýarlyk görýär

Şu gün, 19:06907
1 / 3

MMA boýunça türkmen söweşijileri Abdulla Babaýew we Eziz Penjiýew 27-nji we 29-njy awgustda nobatdaky tutluşyklaryny geçirer. Babaýew Minskide (Belarus) geçiriljek Fight Nights 140, Penjiýew bolsa Permde (Russiýa) geçiriljek Ural FC ýaryşynda çykyş eder.

27-nji awgustda Minskiniň Sport köşgünde Babaýew ýeňil agram derejesinde Özbegistanyň wekili Hindolbek Burijonow bilen duşuşar. Ýaýlymyň başlanýan wagty sagat 21:00.

Babaýew — söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady, Dünýä kubogynyň üç gezek eýesi, pankration boýunça dünýäniň we Aziýanyň çempiony. Onuň soňky söweşi 20-nji fewralda Soçide geçirilen Fight Nights 134 ýaryşynda boldy we ol eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen Ramazan Aliýewden ýeňildi. Bu onuň professional karýerasynda ilkinji şowsuzlygy boldy. Babaýewiň hasabynda bäş ýeňiş we bir ýeňliş bar.

Burijonow garaşyk başa-baş söweş, kikboksing we boks boýunça sport ussady diýen adyň eýesi. Onuň soňky söweşi 9-njy iýulda ACA Young Eagles 66 ýaryşynda geçdi. Ol birinji raundda Halid Şaýhaýewden tehniki nokaut bilen ýeňildi.

29-njy awgustda Permde Penjiýew rus türgeni Kirill Kohnýuk bilen duşuşar. Bu tutluşyk türkmen türgeniniň karýerasynda ýedinji söweş bolar, onuň 5 ýeňişi we 1 ýeňlişi bar. Geçen ýyl Penjiýew Ural FC ýaryşynda ilkinji gezek çykyş edip, garşydaşyndan demikdiriji emel bilen üstün çykypdy.

Kohnýuk Ural FC oktagonynda dört söweş geçirdi. Ýeke-täk ýeňlişine ilkinji söweşinde sezewar boldy, şondan soň yzygiderli üç ýeňiş gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.