Russiýaly ekstremal sport söýüjisi rekord beýiklikde stratosferadan bökdi

Şu gün, 12:593,088
1 / 2

Russiýaly ekstremal türgen Sergeý Boýsow stratosferadan bökmek boýunça rekord goýdy. Ol Altaý dagynyň golaýynda 11 551 metr belentlikdäki aerostatdan bökdi.

Ýokary çykmak üçin 10 000 kub metr göwrümli, ýurtda iň uly aerostat ulanyldy. Bökeninde Boýsowyň erkin gaçyş tizligi sagatda 500 km-den geçdi. Böküş awtonom kislorod üpjünçiligi bolan, ýokary belentlik üçin niýetlenen skafandrda ýerine ýetirildi.

Bu rekord Russiýanyň Döwlet baýdagynyň gününe gabatlanyp, Russiýanyň Sport ministrliginiň we Russiýanyň Olimpiýa komitetiniň goldaw bermeginde geçirildi.

«Rekord goýujymyz bilen bilelikde Russiýanyň Olimpiýa komitetiniň tumary bolan Olimpiýa aýyjygynyň hem stratosferada bolmagy bizi has-da begendirýär» diýip, Russiýanyň sport ministri Mihail Degtýarýow habar berdi.

Boýsow şeýle rekord goýmagy 2023-nji ýylda ýüregine düwdi. Wagtyň geçmegi bilen bu pikir dürli tapgyrlarda 100-den gowrak adamyň: pilotlaryň, inženerleriň, tehniki bilermenleriň, operatorlaryň we beýleki hünärmenleriň gatnaşmagyndaky giň gerimli inženerçilik-sport taslamasyna öwrüldi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.