R.Meredow gazak kärdeşi bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

13.08.2021, 10:445,031

12-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerine, şol sanda iki ýurduň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän öňde duran çäreleriň tertibine hem seredip geçdiler.

Bu ugurda, şu ýylyň 6-njy awgustynda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Kasym-Žomart Tokaýewiň geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriniň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine seredilip geçildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.