Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministrini wezipä girişmegi bilen gutlady

24.08.2021, 10:015,434

Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň we Hökümetiň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Ismail Sabri Ýaakoba Malaýziýanyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Gutlagda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirilýär. Şeýle hem türkmen Lideri Premýer-ministr Ismail Sabri Ýaakoba berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Malaýziýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.