Türkmenistanyň Prezidenti KHDR-iň ýolbaşçysyny ýurduň döredilen güni bilen gutlady

09.09.2021, 08:3211,122

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna  milli baýram — ýurduň döredilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, KHDR-iň Döwlet işleri boýunça Başlygyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.